HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Sentýabr 08, 2024 | 19:00 |10550
Gazagystanyň döwlet Baştutany V Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna hut özüniň gatnaşýandygy üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa öz minnetdarlygyny bildirdi.Gazagystanyň döwlet Baştutany V Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna hut özüniň gatnaşýandygy üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa öz minnetdarlygyny bildirdi.
Çeşme: akorda.kz

Gazagystanyň döwlet Baştutany V Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna hut özüniň gatnaşýandygy üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa öz minnetdarlygyny bildirdi.

Gazagystanyň Prezidenti Halk Maslahatynyň Başlygynyň Astana iş sapary bilen gelmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk ösdürilmegi üçin uly ähmiýete eýedigini belläp geçdi. Häzirki gazak-türkmen gatnaşyklary üstünlikli ýagdaýda ösdürilip, strategiki hyzmatdaşlygyň derejesine doly laýyk gelýär diýip, “Akordy” habarlar gullugy Kasym-Žomart Tokaýewiň sözlerini getirýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow däbe öwrülen myhmansöýerlik üçin öz hoşallygyny bildirip, şeýle uly sport ýaryşynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Türkmenistanyň Milli Lideri dünýä arenasynda ýurduň abraýynyň ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berýän iri halkara derejesindäki çäreleriň gurnalmagynda Astananyň ähmiýetli orny barada belläp geçdi.

Kasym-Žomart Tokaýew we Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady, energetika we ulag-logistika pudaklarynda ozal gazanylan ylalaşyklary ara alyp maslahatlaşyp, olaryň durmuşa geçirilmegine kanagatlanma bildirdiler.

Medeni we ynsanperwer gatnaşyklarynyň mundan beýläk pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berildi.

Şeýle-de şu ýylyň oktýabr aýynda Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistana amala aşyrjak iş saparynyň taýýarlyk işlerine garaldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026