HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen türgenleri Astanada geçiriljek V Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryna gatnaşmaga taýýar

Sentýabr 08, 2024 | 04:20 |9227
35 adamdan ybarat türkmen wekiliýeti 8-nji sentýbarda Astanada başlajak V Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryna gatnaşýar. Wekiliýetiň düzüminde - 29 türgen we 6 tälimçi bar diýip, Türkmenistanyň Sport we bedenterbiýe baradaky Döwlet komiteti habar berýär.35 adamdan ybarat türkmen wekiliýeti 8-nji sentýbarda Astanada başlajak V Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryna gatnaşýar. Wekiliýetiň düzüminde - 29 türgen we 6 tälimçi bar diýip, Türkmenistanyň Sport we bedenterbiýe baradaky Döwlet komiteti habar berýär.
Çeşme: astanatv.kz

35 adamdan ybarat türkmen wekiliýeti 8-nji sentýbarda Astanada başlajak V Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryna gatnaşýar. Wekiliýetiň düzüminde - 29 türgen we 6 tälimçi bar diýip, Türkmenistanyň Sport we bedenterbiýe baradaky Döwlet komiteti habar berýär.

Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlary Astanada bir hepdeläp dowam eder. Oňa 89 ýurtdan 2500-den gowrak türgenler gatnaşar.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart-Tokaýewiň gatnaşmagyndaky Oýunlaryň açylyş dabarasy “Astana Arena” stadionunda ýekşenbe güni sagat 19:00-da başlar.

Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlary ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen. Bu giň göwrümli çäre diňe bir sport ýaryşy bolman, eýsem çarwa halklarynyň medeniýetine aralaşmagyny aňladýar. Bu sport ýaryşy 80-den gowrak ýurdy birleşdirýär. Oýunlar 21 sany etnik ýaryşlardan ybarat bolup, sport görnüşli ýaryşlar bilen deň derejede aň-bilim bäsleşikleri hem geçiriler.

Oýunlaryň ylmy maksatnamasynyň çäreleri Gazagystan Respublikasynyň Milli muzeýinde geçiriler. Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň medeni maksatnamasynyň esasy geçiriljek ýeri 10 ga meýdany tutýan “Çarwadarlaryň älemi” atly etniki obasy bolar. Şeýle-de medeni maksatnamasynyň käbir çäreleri Astananyň dürli meýdançalarynda geçiriler (meýdançalar, seýilgähler, seýilbaglar, beýleki jemgyýetçilik ýerler, teatrlar, konsert merkezleri, kinoteatrlar, muzeýler, sergi zallary we beýlekiler).

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026