

Türkmen toparynyň garşydaşy tälimçisini üýtgedip biler
«Arkadag» toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasy 2 ýaryşyndaky garşydaşynyň tälimçisini çalyşmagy mümkin. Has takygy, türkmen topary bilen bilelikde «B» toparçadan orun alan Özbegistanyň «Andijan» kluby häzirki baş tälimçisi Maksim Şatskihi işden boşadyp, onuň ýerine Samwel Babaýany getirmegi meýilleşdirýär. Bu barada stadion.uz saýty habar berdi.





















