HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Chat-bot esasly foto redaktory: Google Photos iOS we Android ulgamlarynda AI hyzmatlaryny giňeldýär

Noýabr 18, 2025 | 17:30 |13375
Google Photos programmasynda giň gerimli täzelenmäniň bolandygyny habar berdi. Bu täzeleme emeli aň mümkinçiliklerini has köp ulanyja elýeterli edýärGoogle Photos programmasynda giň gerimli täzelenmäniň bolandygyny habar berdi. Bu täzeleme emeli aň mümkinçiliklerini has köp ulanyja elýeterli edýär
Çeşme: google.com

Google Photos programmasynda giň gerimli täzelenmäniň bolandygyny habar berdi. Bu täzeleme emeli aň mümkinçiliklerini has köp ulanyja elýeterli edýär. Esasy üýtgeşmeler iPhone ulanyjylary üçin dialog arkaly redaktirleme funksiýasynyň goşulmagyny hem-de güýçli Nano Banana atly AI modeliniň integrasiýasyny öz içine alýar. Bu ädimler suratlary redaktirlemek we gözlemek işini tekst ýa-da ses buýruklary arkaly has amatly derejä çykarmaga gönükdirilendir.

Mundan ozal, “Redaktirlemäge kömek” (Help Me Edit) atly funksiýa diňe Pixel we Android enjamlarynda elýeterli bolup, ulanyjylara islenýän üýtgetmeleri ses arkaly ýa-da tekst hökmünde beýan etmäge mümkinçilik berýärdi. Indi ol ABŞ-nyň iOS ulanyjylary üçin hem elýeterli boldy.

Elýeterli bolan esasy AI mümkinçilikleri:

• Dialog arkaly redaktirleme: Ulanyjylar diňe isleglerini beýan edýär – Google Photos bolsa şol üýtgetmeleri ýerine ýetirýär (meselem, «Asmany has gök et» ýa-da «Obýekti saga geçir»).

• Nano Banana modeli: Bu AI modeliniň integrasiýasy ulanyjylara suratlary şekile, mozaika görnüşine ýa-da illýustrasiýa öwürmek ýaly döredijilik mümkinçiliklerini berýär.

• “Soramak” düwmesi: Android we iOS ulanyjylary üçin täze düwme peýda bolup, chat-bot görnüşindäki interfeýsi işe girizip, suratlary redaktirlemäge hem-de olaryň mazmuny barada jogap almaga mümkinçilik berýär.

• Taýýar nusgalar (Android): Meşhur AI buýrugyny tiz ulanmak üçin mümkinçilik berýär, meselem “ýokary moda stilinde fotosessiýa” döretmek.

Mundan başga-da Google “Ask Photos” (Photos-dan sora) hyzmatynyň elýeterçiligi giňeltdi. Bu hyzmat galereýanyň içinde zerur suratlary tapmagy ýeňilleşdirýär. Indi ol 100-den gowrak täze döwlete elýeterli bolar we 17 täze dili goldar.

Täzelenme Reimagine (teswir arkaly obýektleri we fonlary üýtgetmek) hem-de Auto Frame (awtomatiki kadrlama we boş ýerleri doldurmak) ýaly generatiw AI mümkinçiliklerini hem öz içine alýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

22:10 Awgust 16, 2026
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026