HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan sanly ykdysadyýetde öz ornuny pugtalandyrýar: “Türkmentel — 2025” halkara maslahatynyň netijeleri

Noýabr 18, 2025 | 14:35 |15333
Geçen hepde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Türkmentel — 2025” halkara maslahatyny we sergisini, şeýle hem “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025” atly halkara maslahatyny geçirdiGeçen hepde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Türkmentel — 2025” halkara maslahatyny we sergisini, şeýle hem “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025” atly halkara maslahatyny geçirdi
Çeşme: orient.tm

Aşgabat, Türkmenistan — Geçen hepde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Türkmentel — 2025” halkara maslahatyny we sergisini, şeýle hem “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025” atly halkara maslahatyny geçirdi. Bu iki möhüm çäräniň bir ýerde geçirilmegi telekommunikasiýa pudagynyň hünärmenleri üçin möhüm waka boldy hem-de Türkmenistanyň häzirki zaman tehnologiýalaryny ykdysadyýete we jemgyýetçilik durmuşyna ornaşdyrmaga ygrarlydygyny görkezdi.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Türkmentelekom” kompaniýasynyň Sanly ykdysadyýeti ösdürmek bölüminiň öňdebaryjy hünärmeni Güljemal Gurbanowanyň aýtmagyna görä, ýurt sanly pudakda innowasiýalary yzygiderli ornaşdyrmagyny dowam etdirýär. Soňky üstünlikleriň arasynda – Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Arkadag şäherinde ýokary tizlikli 5G internetiň işe girizilmegi we raýatlara döwrebap sanly hyzmatlara elýeterliligi üpjün etmedilgi bar.

“Türkmentelekom” kompaniýasynyň hünärmenleri “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda strategik maksatlary durmuşa geçirýärler, ýakynda bolsa täze “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” kabul edildi. Täzelenen resminama laýyklykda, ähli ykdysady pudaklaryň sanlylaşdyrylmagy we hyzmatlaryň derejesini halkara standartlaryna çenli ýokarlandyrmak döwletiň esasy ileri tutýan ugurlary bolmagynda galýar.

Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan 2020-nji ýyldan bäri geçirilýän her ýylky “Sanly çözgüt” innowasiýa bäsleşigi ýaş alymlaryň we talyplaryň mümkinçiliklerini ýene-de bir gezek görkezdi. “Sanly çözgüt — 2025” bäsleşiginde Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetiniň geljegini kesgitläp biljek täze açyşlary we tehnologiýalary görkezýän taslamalar hödürlendi.

“Ýaş hünärmenlerimiziň ýurduň sanly infrastrukturasyny ösdürmek üçin çemeleşmeleri üýtgedip biljek innowasiýalary teklip edýändiklerine buýsanýarys” – diýip, G.Gurbanowa nygtady. “Olaryň açyşlary ykdysadyýetiň ähli derejelerinde sanly çözgütleri ornaşdyrmak üçin amaly işlere goşular”.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ýurdy Merkezi Aziýa üçin möhüm maglumat merkezine öwürýär. Gündogary Günbatara we Demirgazygy Günorta birleşdirýän giň aragatnaşyk ýollary ýurduň ählumumy maglumat giňişligindäki ornuny berkitmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň kosmos döwletleriniň hataryn girip, 2015-nji ýylda “TükmenÄlem 52°E” hemrasynyň orbita çykarylan taryhy üstünligi aýratyn bellärliklidir. Bu ädim ilata döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün etdi we döwletiň tehnologik ösüş boýunça strategik garaýşyny alamatlandyryp, pudagyň taryhyndaky möhüm waka öwrüldi.

Netijede, Türkmenistanyň diňe bir dünýäniň sanly ugurlaryna eýermek bilen çäklenmän, eýsem öz ösüş ugurlaryny hem kesgitleýändigi barada netije çykarmak bolar. “Türkmentel – 2025” halkara maslahaty tehnologiýa maýa goýumlarynyň we ýaş zehinleri goldamagyň ykdysady özgerişleri çaltlaşdyryp we raýatlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini ýokarlandyryp biljekdiginiň aýdyň mysaly boldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026