HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Aziýa Kubogy — 2027-niň saýlamasyndaky nobatdaky ýeňşini gazandy

Noýabr 18, 2025 | 20:43 |23934
Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa Kubogy — 2027-niň saýlamasynyň nobatdaky oýnunda Hytaý Taýpeýini ýeňlişe sezewar etdi. Arkadag şäherinde geçirilen oýun 3:1 hasabynda türkmen ýygyndysynyň peýdasyna tamamlandy.Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa Kubogy — 2027-niň saýlamasynyň nobatdaky oýnunda Hytaý Taýpeýini ýeňlişe sezewar etdi. Arkadag şäherinde geçirilen oýun 3:1 hasabynda türkmen ýygyndysynyň peýdasyna tamamlandy.
Çeşme: meWATCH

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa Kubogy — 2027-niň saýlamasynyň nobatdaky oýnunda Hytaý Taýpeýini ýeňlişe sezewar etdi. Arkadag şäherinde geçirilen oýun 3:1 hasabynda türkmen ýygyndysynyň peýdasyna tamamlandy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Rahman Myratberdiýew (13-nji minut), Elman Tagaýew (53) we Meýlis Diniýew (79) tapawutlandylar. Myhmanlaryň ýeke-täk jogap topy 45-nji minutda Ange Samuel Kuame tarapyndan derwezä gönükdirildi.

«D» toparçada 5-nji tapgyryň beýleki oýnunda Taýland myhmançylykda Şri-Lankany 4:0 hasabynda utdy.

Şeýlelikde, Türkmenistan 5 tapgyrdan soňra 12 utuk bilen «D» toparçada liderlik edýär. Ikinji ýerdäki Taýlandda hem şonça utuk bar. Bu toparçada yklym birinjiligine ýollanma berýän birinji ornuň ykbaly 2026-njy ýylyň 31-nji martynda boljak Taýland — Türkmenistan duşuşygynda çözüler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

ABŞ-nyň gazna obligasiýalarynyň girdejiliginiň ýokarlanmagy sebäpli Ýewropanyň obligasiýalary basyş astynda

18:00 Awgust 24, 2026
Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

Eýranyň Pars welaýatynda täze gaz käninde 7,5 trillion kub futdan gowrak gaz tapyldy

16:00 Awgust 24, 2026
Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Katardaky ilçisi Kataryň Ösüş Gaznasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy

15:05 Awgust 24, 2026