HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Merkezi Aziýada suw meselelerine bagyşlanan sebitleýin seminara gatnaşdy

Noýabr 18, 2025 | 17:20 |13140
13-nji noýabrda Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýada suw meseleleri» atly sebitleýin seminar geçirildi13-nji noýabrda Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýada suw meseleleri» atly sebitleýin seminar geçirildi
Çeşme: education.gov.tm

13-nji noýabrda Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýada suw meseleleri» atly sebitleýin seminar geçirildi. Çäre Blue Peace Central Asia (BPCA) başlangyjynyň çäklerinde, Halkara suw serişdelerini dolandyryş instituty (IWMI) hem-de Şweýsariýanyň ösüş we hyzmatdaşlyk gullugynyň (SDC) goldawy bilen guraldy. Seminara Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň baş hünärmeni Jumamyrat Öwezmyradow gatnaşdy.

Seminaryň esasy maksady – tutuş sebit boýunça suw gün tertibiniň orta we uzak möhletli ähmiýetli meselelerini kesgitlemekden ybarat boldy. Gatnaşyjylar howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň ileri tutulýan ugurlarynyň we innowasion çözgütleriň maliýeleşdiriliş mümkinçilikleriniň seljerilmegine üns berdiler.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça 2025–2026-njy ýyllar üçin bilelikdäki işleriň esasy ugurlary kesgitlenildi:

• Suw diplomatiýasy: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda dialogy we utgaşykly hereketleri ösdürmek.

• Serhetüsti dolandyryş: Kiçi serhetüsti derýalarynyň bilelikde dolandyrylmagy.

• Mümkinçilikleri berkitmek: Suw serişdeleri we howa bilen baglanyşykly başlangyçlary boýunça hünärmenleriň bilim derejelerini ýokarlandyrmak.

Seminaryň geçirilmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda utgaşykly hereketlere ýardam berýän möhüm ädim boldy. Kesgitlenen esasy ugurlar sebitiň suw serişdelerinden durnukly peýdalanmagyna hem-de howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine uýgunlaşma derejesiniň ýokarlanmagyna mümkinçilik berer.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

22:00 Oktýabr 09, 2026
Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

20:00 Oktýabr 09, 2026
Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

19:22 Oktýabr 09, 2026