Türkmenistan “Hytaý-Ýewropa” demir ýol forumynda – esasy üns “akylly” geçelgelere


Sian, HHR, 18-nji noýabr | ORIENT. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedow Sianyň Halkara sergi merkezinde geçirilen Hytaý-Ýewropa demir ýol ugrunyň çäginde hyzmatdaşlyk boýunça ikinji halkara forumyna gatnaşdy. Ministriň forumyň “Aziýa bilen Ýewropany baglanyşdyrmak, geljegi paýlaşmak” atly umumy mejlisindäki çykyşy Aşgabadyň sanly we ýokary netijeli ulag geçelgelerini ösdürmäge we Merkezi Aziýany dünýäniň logistika ulgamyna birleşdirmäge gönükdirilen ulag we logistika strategiýasyna bagyşlandy.
Mämmet Akmämmedow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurtda ulag pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtady.
Bu çäreleriň esasy maksady içerki ulag ulgamynyň halkara aragatnaşyk infrastrukturasyna işjeň goşulyşmagy we köpugurly gatnawlar üçin sebitleýin baglanyşygy üpjün etjek iri logistika merkezlerini döretmekden ybaratdyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” strategiýasy Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşýar.
Ýewraziýanyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistan Gündogar bilen Günbatary, Demirgazygy we Günortany birleşdirýän ulag ýollaryny ösdürmäge aýratyn üns berýär. Hasabatda şeýle bellendi:
— ugur “Lazurit geçelegesi” (Lapis Lazuli). Owganystany, Türkmenistany, Azerbaýjany, Gruziýany we Türkiýäni Ýewropa çykalgasy bilen birleşdirýär;
— CASCA+ halkara multimodal ugry. Aziýa-Ýuwaş ummany sebitini, Hytaýy, Gyrgyzystany, Özbegistany, Türkmenistany, Azerbaýjany, Gruziýany, Türkiýeni we Ýewropany birleşdirýär;
— Hazarüsti (Orta) geçelgesi we ähli ulag görnüşleriniň (demir ýol, awtoulag, howa, deňiz portlary) ösdürilmegi.

Bu geçelgeleriň diňe goňşy ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem ählumumy logistikada hem möhüm orny eýeleýändigini we sebitiň ykdysady ösüşine goşant goşýandygy bellenildi.
Türkmenistan durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen ulag ulgamynda innowasion çözgütleri we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmaga işjeň maýa goýýar:
— Sanly meýdançalar: ýük akymlaryny dolandyrmak we kagyz işlerine zerurlygy aradan aýyrmak üçin.
— Tehnologiki täzelikler: göni aragatnaşyk ulgamy arkaly ýükleri yzarlamak we dolandyrmak üçin demir ýol awtomatlaşdyrmasynyň, telemehanika we aragatnaşyk ulgamlarynyň ösüşi.
— Bäsdeşlige ukyplylyk: Akylly çözgütleriň we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň utgaşdyrylmagy türkmen ulag geçelgelerini bäsdeşlige ukyply we howpsuz edýär.
Ministr sanly akylly ulag geçelgelerini döretmegiň dünýä ykdysadyýetiň durnuklylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek üçin wajyp zerurlykdygyny nygtady.
Sebitara gatnaşygyň ulanylmadyk mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin Türkmenistan hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň anyk mehanizmini teklip etdi: täze ulag-aragatnaşyk ýollaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin hökümet derejesinde bäş taraplaýyn iş toparyny döretmek. Teklip edilýän ugurlar: Günorta Ýewropa çykalgasy bolan Merkezi Aziýa – Hazar deňzi – Gara deňzi sebiti; Merkezi Aziýa – Ýakyn Gündogar.
Ministr M.Akmämmedow bilelikdäki tagallalar arkaly Merkezi Aziýanyň ählumumy ulag ulgamyna goşulyşmagyny üpjün etjek şeýle hem sebiti halkara söwda we üstaşyr gatnawlary üçin möhüm merkeze öwürjek strategiýany durmuşa geçirmegiň mümkin boljakdygyna ynam bildirdi.
Sian şäherinde geçirilen forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministri iri hytaý we sebitleýin korporasiýalaryň ýolbaşçylary bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Bu gepleşikler ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça meýilnamalaryň amaly ulanylyşyna we durmuşa geçirilmegine bagyşlandy.

Esasy üns Hytaýyň infrastruktura ägirdleri bilen hyzmatdaşlyga gönükdirildi. Ýokary tizlikli awtoýollar we tuneller boýunça ýöriteleşen “China Railway Construction Corporation Limited” (CRCC) şeýle hem uly möçberli inženerçilik we gurluşyk taslamalaryna gözegçilik edýän “China Railway Engineering Corporation” (CREC) we “China Railway Group Limited” (CRGL) ýaly öňdebaryjy demir ýol gurluşyk holdingleriniň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi.
Şeýle hem halkara logistika üçin möhüm bolan golçar gurluşlar bilen dialog geçirildi: daşary söwda demir ýol taslamalaryna jogapkär bolan “China Railway International Group” (CRIG) we demir ýol we raýat gurluşygy ulgamynda esasy potratçy bolan “China Civil Engineering Construction Corporation Ltd” (CCECC).
Şeýle hem degişli ýöriteleşdirilen pudaklar göz öňünde tutuldy. Port we deňiz infrastrukturasy: Deňiz inženerçiligi we port gurluşygynda esasy oýunçy bolan “China Harbour Engineering Company LTD” (CHEC) bilen duşuşyklar. Ýol we köprü infrastrukturasy: Ýol gurluşygynda dünýäde öňdebarjy bolan “China Road and Bridge Corporation” (CRBC) bilen gepleşikler.
Gün tertibiniň möhüm bölegi “CRRC Ziyang Co., Ltd.” (lokomotiwleriň we hereketlendirijileriň önümçiligi) we “CRRC Nanjing Puzhen Co., Ltd.” (ýolagçy hereket edýän düzümiň önümçiligi) kompaniýalarynyň wekilleri bilen hereket edýän düzümleriň üpjünçiligi we tehniki hyzmaty barada pikir alyşmalary öz içine aldy. Hytaýly hyzmatdaşlaryň hataryna integrasiýalaşdyrylan taslamalara ýöriteleşen “China Railway Construction Engineering Group” we “China Railway 20th Bureau Group Corporation Limited” kompaniýalary hem girdi.
Sebitleýin dialogyň möhüm pursady ministriň Gazagystanyň demir ýollarynyň milli operatory we Transkaspiý-Orta geçelgesini durmuşa geçirmekde esasy hyzmatdaş bolan “Kazakstan temir žoly” MK PJ-nyň müdiriýetiniň başlygy bilen geçiren duşuşygy boldy.
Şensi welaýatynyň Sian şäherinde geçirilen Ikinji Hytaý-Ýewropa Demirýol Hyzmatdaşlygy Forumy 30 ýurtdan we sebitden hökümetler, kärhanalar, pikir merkezleri, maliýe edaralary we halkara guramalary ýaly 145 guramany bir ýere jemledi. Forumyň netijeleri dört esasy ugry öz içine aldy: ýük daşamalaryň netijeliligi, howpsuzlygy dolandyrmak, “Hytaý-Ýewropa” ekspres demir ýol ulaglarynyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we innowasion taýdan ösdürmek.
Wekilçilikli üstünlikler öz içine Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň “Hytaý-Ýewropa (Aziýa)” ýük otlulary pudagynda hyzmatdaşlygy çuklaşdyrylmagy başlangyjyna gol çekilemegini alýar, bu bolsa “Hytaý-Ýewropa (Aziýa)” ýük otlulary ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlanan ilkinji köptaraplaýyn hökümetara hyzmatdaşlyk resminamasydyr.
Şonuň bir hatarda - Hazarüsti halkara ulag ýolunyň bilelikdäki gurluşygy we kuwwatyny giňeltmek boýunça hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekildi; Hytaý-Ýewropa ýük otlulary üçin 30 milliard ýuan möçberinde ýörite karzyň döredilmegi; Hytaý-Ýewropa ýük otlularynyň ýokary hilli ösdürilmegini goldamak üçin toplumlaýyn maliýe hyzmat meýilnamasynyň çykarylmagy; Hytaý – Merkezi Aziýa ýörite halkara medeni syýahatçylyk otlusynyň işe girizilmegi.
Hytaýyň Döwlet demir ýol korporasiýasynyň başlygy Go Çžusýue ähli taraplaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde şu güne çenli Hytaý-Ýewropa ýük gatnawlarynda 120 müňe golaý otlynyň hereket edendigini we Hytaýyň 128 şäherini, 26 Ýewropa ýurdunyň 232 şäherini we 11 Aziýa ýurdunyň 100-den gowrak şäherini birleşdirýän halkara ulag ulgamyny emele getirendigini mälim etdi. Bu ulgam halkara senagat we üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygyny saklamakda we ählumumy ykdysady ösüşi höweslendirmekde möhüm orny eýeledi.









