HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ata-eneler çaga terbiýesi babatda emeli aňa has köp sala salýarlar

Noýabr 18, 2025 | 13:50 |17279
Ata-eneler aga terbiýesine dahylly meselelerde emeli aňdan maslahat soramagy gitdigiçe ýygjamlaşdyrýarlar. Bu barada 2024-nji ýylda geçiren barlaglarynyň netijelerine esaslanyp, «Futurism» portaly habar berýär.Ata-eneler aga terbiýesine dahylly meselelerde emeli aňdan maslahat soramagy gitdigiçe ýygjamlaşdyrýarlar. Bu barada 2024-nji ýylda geçiren barlaglarynyň netijelerine esaslanyp, «Futurism» portaly habar berýär.
Çeşme: SMI24.kz

Ata-eneler çaga terbiýesine dahylly meselelerde emeli aňdan maslahat soramagy gitdigiçe ýygjamlaşdyrýarlar. Bu barada 2024-nji ýylda geçiren barlaglarynyň netijelerine esaslanyp, «Futurism» portaly habar berýär.

Köp sanly ene-atalar emeli aň esasynda işleýän çat-botlardan diňe çaganyň häsiýeti ýa-da saglygy boýunça maslahat almak üçin däl, eýsem, güýmenje serişdesi hökmünde hem peýdalanýarlar. Hatda «ChatGPT-den» çagalara erteki aýdyp bermegi haýyş edýänler hem köp.

2023-nji ýylyň maglumatlaryna görä, mekdep okuwçylarynyň ene-atalarynyň, takmynan, 30 göterimi eýýäm «ChatGPT-den» peýdalanyp başlapdyr. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, şeýle ulanyjylaryň sany gitdigiçe artýar.

Pediatrlar emeli aňyň özüne mahsus kemçilikleri bilen bagly töwekgelçilikler barada duýduryş berýärler. Şeýle çat-botlar çagany öz täsirine düşürip ýa-da nädogry maglumatlary ýaýradyp bilerler.

Hünärmenler emeli aň bilen işleşilýän mahaly çagalaryň şahsy maglumatlaryny ýa-da saglyk ýagdaýy baradaky maglumatlary bermezligi berk sargaýarlar. Sebäbi şeýle maglumatlaryň ýaýrap gitmek howpy bar.

Ýeri gelende bellesek, mundan ozal geçirilen barlaglar adamlaryň lukmanlaryň maslahatlaryna garanyňda, emeli aňyň lukmançylyk boýunça berýän maslahatlaryna has köp ynanýandygyny görkezdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026