

Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana türkmen gazynyň 1,5 milliard kubmetri ugradylar
Eýranyň üsti bilen Türkmenistandan Azerbaýjana türkmen gazynyň 1,5 milliard kubmetri iberiler. Azerbaýjanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, bu barada Eýranyň nebit ministri Jawad Owji Baku energetika maslahatynyň 1-nji gününde habar berdi.




















