Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçihanasy Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosiped ýörişini gurady


02.06.2022 ý. senede Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy Tähran şäherindäki Çitgar seýilgähinde Ilçihananyň işgärleriniň, olaryň maşgala agzalarynyň we ýerli raýatlaryň gatnaşmagynda köpçülikleýin welosiped ýörişini «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda gurady.
Ilçihana, bu çärä gatnaşandyklary hem-de bedenterbiýe, saglyk we sport hereketiniň ösmegine, jemgyýetiň ekologiki medeniýetiniň ösdürilmegine goşant goşandyklary üçin hormatly gatnaşyjylara we raýatlarymyza minnetdarlyk bildirýär.

Bütindünýä welosiped güni Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda döredildi we her ýylyň 3-nji iýunynda bütin dünýäde giňden bellenilip geçilýär.
ORIENT news








