“Business Central Asia” halkara žurnaly ýörite sanyny Türkmenistana bagyşlady


Nýu-Deli şäherinde çap edilýän “Business Central Asia” halkara žurnaly nobatdaky ýörite sanyny türkmen-hindi diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlady. Iňlis dilinde neşir edilýän bu žurnal esasan, Merkezi Aziýada bolup geçýän we goňşy sebitleriň, hyzmatdaş ýurtlaryň ykdysadyýetine, işewürlik ýagdaýyna täsir edýän möhüm wakalary öz içine alýar.
Neşiriň täze goýberilişiniň esasy makalalary Türkmenistanda geçirilen Prezident saýlawlary, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişmek dabarasy we Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Şri Ram Nath Kowindiň şu ýylyň aprel aýyndaky Türkmenistana döwlet sapary baradadyr. Bu sapar Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana taryhda ilkinji sapary bolup, Aşgabatda belent mertebeli myhmany täze ýaş lider garşy aldy.
Ýokary derejede geçirilen türkmen-hindi gatnaşyklaryna syn bermek bilen, žurnalyň redaksiýasy energetika ulgamyny Hindistan bilen Türkmenistanyň özara hyzmatdaşlygynyň esasy ugry hökmünde kesgitleýär. “TOPH” gaz geçirijisiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Günorta Aziýany Merkezi Aziýa bilen jebisleşdirip, taslama gatnaşyjy ýurtlaryň üçüsinem elýeter energiýa bilen üpjün eder. “Hindistanyň energiýa zerurlygynyň artmagy bilen TOPH ýurduň ösüş depginlerini goldamakda wajyp çeşme bolup biler – diýlip, makalada bellenilýär.
Şeýle-de, neşir “Hindistan Türkmenistan bilen ykdysady taýdan hyzmatdaşlygyny, hususan-da maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynda, giňeldip biler – diýip ýazýar.
Žurnal öz okyjylaryny türkmen-hindi gatnaşyklarynyň geçen asyrlardan biziň günlerimize çenli döwürdäki gyzykly taryhy wakalary bilen tanyşdyrýar, häzirki döwürde dürli ulgamlarda, şol sanda bilim ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyga analitiki syn berýär. Bu babatda Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Kowindiň Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklar institutyna baryp görendigi hem aýdylýar.
“Business Central Asia” žurnalynyň täze sanynyň sahypalarynda ORIENT saýtynyň mowzuk taýdan ugurdaş makalalarynyň hem mynasyp orun alandygyny bellemek ýakymlydyr.
ORIENT news








