HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Maliýe ministrligi döwlet eýeçiligindäki emläkleri satmak boýunça bäsleşikli söwdalary ilkinji gezek onlaýn arkaly geçirer

Iýun 03, 2022 | 01:17 |13492
16-njy iýunda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki emläkleri satmak boýunça bäsleşikli söwdalary ilkinji gezek onlaýn arkaly geçirer diýlip, edaranyň bildirişinde aýdylýar.16-njy iýunda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki emläkleri satmak boýunça bäsleşikli söwdalary ilkinji gezek onlaýn arkaly geçirer diýlip, edaranyň bildirişinde aýdylýar.
Çeşme:

16-njy iýunda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki emläkleri satmak boýunça bäsleşikli söwdalary ilkinji gezek onlaýn arkaly geçirer diýlip, edaranyň bildirişinde aýdylýar.

Bäsleşikli söwdalar döwlet emlägini satmak boýunça geçirilýän söwdalaryň sanly meýdançasynda e.fineconomic.gov.tm hem-de Android üçin mobil goşundylar arkaly we iOS üçin 10:00-da başlanýar. Bu platforma barada ORIENT şu salgyda ýazypdy.

Hususy eýeçilige satmaga 28 lot çykarylar, şolar Türkmenistanyň Söwda ministrligine, Oba hojalyk ministrligine, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine, “Türkmenawtoulaglary” agentligine, Ýol gurluşyklaryny dolandyrmak baradaky döwlet agentligine, “Türkmenhaly” döwlet birleşigine, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine hem-de Daşoguz, Lebap we Mary welaýat häkimliklerine degişlidir.

Bäsleşikli söwdalarda iň ýokary başlangyç baha Türkmenabatdaky “Lebapdaşarysöwda” daşary ykdysady birleşigine degişli bolan “Döwrebap” söwda-dynç alyş merkezi üçin goýlar. Ol alyja 51,8 million manada düşüp biler.

Has arzan lot – Lebap welaýatynyň Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň “Hojambaz” sarp edijiler birleşiginiň limonarisidir. Onuň başlangyç nyrhy 71,6 müň manat bahalandyrylýar.

Ähli lotlara degişli PDF görnüşdäki tablisany şu salgydan этой ссылке ýükläp bolar.

Bäsleşikli söwdalara tassyklanan görnüşde arza beren, bellenilen möhletde ujundan pul hem-de ýörite ýygym geçiren Türkmenistanyň raýatlary, daşary ýurtlylar hem-de döwlete degişli bolmadyk edara görnüşli taraplar gatnaşyp biler. Arzalary Maliýe ministrligi kabul edýär.

Şeýle hem “Döwletiň garamagyndan aýyrmak we döwlet emlägini hususylaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyşmagy maslahat berýäris.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026