TDHÇMB-nyň söwdalary: BAE $11,2 million EKO-5 görnüşli dizel ýangyjyny satyn aldy


Sişenbe güni, 31-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy nahasy $11,4 million we 11,1 million manatlyk 5 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
BAE-nyň wekili 10 müň tonna suw bilen arassalanan EKO-5 görnüşli dizel ýangyjyny (bir tonnasyna $1 129,25 ) satyn aldy. Geleşigiň umumy bahasy $11,2 million boldy.
Gyrgyzystandan gelen telekeçi boýalan tüýjümek önümlerini $65,2 müň satyn almak barada şertnama baglaşdy.
Owganystanly telekeçi söwdalarda 50 müň kg. ferula atly ösümlikden bölünip çykýan kakadylan şerbet suwy bolan asafetidany satyn aldy. Haryt Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanasy tarapyndan öndürildi. Geleşigiň umumy bahasy $125 müň deň boldy.
Içerki bazarda ýerli telekeçiler 11,1 million manatlyk dürli görnüşli nah ýüplükleri satyn aldylar.
Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgydaky saýtynda tanşyp bolar.
Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumy boýunça söwdalar duşenbe gününden - anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebitgaz toplumy boýunça birža söwdalary duşenbe gününden - anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.
Şol bir wagtyň özünde-de, şu tmex.gov.tm salgydan biržadaky harytlaryň satuwynyň dowamy bilen hem-de gönüden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle-de biržadaky söwdalaryň satuwy barada bildiriş çap etmek hem mümkin.
ORIENT news








