Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary duşuşyklaryny giňişleýin düzümde dowam etdiler


Çarşenbe güni Aşgabatda geçirilýän Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygynyň gysga görnüşdäki mejlisi tamamlanyp, VI Hazar Sammitiniň işi giňişleýin görnüşe geçdi. Prezidentler beýleki, has giň zala geçdiler, şol ýerde olara bäş ýurduň wekiliýetleriniň agzalary goşuldylar.

Türkmenistanyň Baştutany giňişleýin mejlisi açyp, oňa gatnaşyjylara Hazar gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça ulgamlaýyn we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň binýadynyň 2002-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda tutulandygyny, şonda birinji Hazar Sammitiniň geçirilendigini ýatlatdy.

Türkmen Lideriniň pikirine görä, 20 ýyldan soň, Hazar sebitinde syýasy gatnaşyklaryň bu görnüşine isleg bildirilýän boldy hem-de ol kenarýaka bäş goňşy ýurduň umumy bähbitlerine hyzmat etdi.
Soňra Tähranda, Bakuda, Astrahanda we Aktauda geçirilen Sammitler hem sebitde özara gatnaşyklaryň gurluşynyň kemala gelmegine güýçli itergi berdi. 2018-nji ýylda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň kabul edilmegi gazanylan möhüm üstünlik boldy.

Şeýle hem pudaklaýyn edaralaryň derejesinde – ulag, balykçylyk, gämiçilik, bioserişdeleri gorap saklamak, ekologiýa howpsuzlygy, adatdan daşary ýagdaýlary öňünden duýdurmak we aradan aýyrmak ulgamlarynda we beýlekilerde Hazarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyklaryň üstünde işler alnyp barylýar.

Hazarýaka ýurtlarynyň alyp barýan oňyn we hormat goýmak gatnaşyklary Hazar meselesiniň hemme esasy ugurlaryny – syýasaty, ykdysadyýeti, söwdany, ekologiýany we ynsanperwer gatnaşyklary gurşap alýar.
ORIENT news








