

Aşgabatda Artist talk formatynda suratkeşler bilen duşuşyk geçiriler
1-nji oktýabrda Aşgabatda Maryly suratkeşler mekdebiniň gatnaşmagynda Artist talk formatynda duşuşyk geçiriler.


1-nji oktýabrda Aşgabatda Maryly suratkeşler mekdebiniň gatnaşmagynda Artist talk formatynda duşuşyk geçiriler.


Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak we bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça meýilnamalary işläp düzmek Sankt-Peterburgyň we Çelýabinsk oblastynyň hökümet agzalaryndan düzülen Russiýanyň wekilçilikli toparynyň Türkmenistana iş saparynyň netijeleri boldy.


Aşgabat-Minsk-Türkmenabat ugru boýunça göni ýolagçy howa gatnawlary “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan ýakyn wagtda täzeden ýola goýlar diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginde ORIENT-e habar berdiler.


Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi hakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Birleşiginiň ilçisi Diego Ruis Alonso bilen geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.


Türkmen wekiliýeti Rumyniýanyň Buharest şäherinde Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşiginiň (HEB) maslahatynyň açylyşyna gatnaşdy. Bu ýerde guramanyň täze ýolbaşçysy Dorin Bogdan-Martin saýlandy diýip, HEB-niň saýty habar berýär.


1-nji oktýabr - Halkara ýaşulylar gününde “Ýeňme” jemgyýetçilik guramasy “Ýaşym – meniň baýlygym” atly fotosurat sergisini we başy çalaran adamlardan düzülen toparlaryň gatnaşmagynda “Breýn ring”, ýagny akyl ýaryşyny geçirer.


Aşgabat şäheriniň we Büzmeýin etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirlikleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy bilen bilelikde 10 oktýabrda S.Türkmenbaşy köçesiniň ugrunda ýerleşýän TSTB-niň binasynda sagat 9:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresiniň geçiriljekdigini habar berdi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň umumy ýygnagynyň Sapardurdy Toýlyýewi Ylymlar akademiýasynyň prezidenti wezipesinden boşatmak we TYA-nyň ýolbaşçylygyna Allaberdi Aşyrowy bellemek baradaky çözgüdini tassyklady.


Çarşenbe güni, 28-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwdalarynda ýerli telekeçi tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümleri satyn almak üçin geleşik baglaşdy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Sankt-Peterburg öz uniwersitetlerinde Türkmenistandan okajak talyplaryň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär. Şäher häkimýeti Peterburgyň diňe bir ýokary okuw mekdeplerinde däl, eýsem, kollejlerinde hem türkmen okuwçylary üçin ýerleriň sanyny artdyrar.


Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabatda ilkinji gezek “Planetany bilelikde halas ederis” atly gözleglere we öňde duran meselelere bagyşlanan howa bilen baglanyşykly ekofestiwaly gurar diýip, diplomatik wekilhananyň metbugat beýanatynda habar berilýär.


Gämi gurulmagy meýilleşdirilýänligi sebäpli iş tejribesi bolan hünärmenleri we inženerleri işe çagyrýarys (degişli sertifikatly hünärmenlere garaşylýar).


Çarşenbe güni prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegine, şol sanda Halkara ahalteke sport toplumyndaky çärelere gatnaşan daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.


Duşenbe güni, 27-nji sentýabrda Ýaponiýada ozalky Premýer-ministr Sindzo Abe bilen hoşlaşyldy. Tokioda soňky 55 ýylda ilkinji gezek döwlet derejesinde matam çäresi geçirildi diýip, ýapon resmi KHBS habar berýärler.


Türkmenistanyň BMG-daky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa 26-njy sentýabrda Nýu-Yorkda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň umumy çekişmesinde çykyş etdi.