

Abu-Dabiniň logistika kompaniýasy Hazardaky işlere gatnaşmagyny giňeldýär
Abu-Dabiniň AD Ports topary Gazagystan bilen Hazar deňzine degişli ylalaşyga gol çekdi. AD Ports topary Hazar deňzinde energetika kompaniýalaryna offşor we gämi gatnaw hyzmatlaryny hödürlemek üçin Gazagystanyň “KazMunaýGaz” döwlet nebitgaz kompaniýasynyň “Kazmortransflot” golçur kompaniýasy bilen bilelikdäki kärhanany döreder.




















