HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýaly müfti musulmanlara Täze ýyl baýramçylyk saçaklaryna halal işdäaçarlary taýýarlamagy maslahat berdi

Ýanwar 01, 2023 | 00:23 |7423
Russiýanyň Musulmanlarynyň ruhy mejlisiniň müftüleriniň başlygy Albir Krganow dindeşlerine täze ýyl saçagyna halal önümlerden “oliwýe” atly meşhur işdäaçary taýýarlamagy maslahat berdi.Russiýanyň Musulmanlarynyň ruhy mejlisiniň müftüleriniň başlygy Albir Krganow dindeşlerine täze ýyl saçagyna halal önümlerden “oliwýe” atly meşhur işdäaçary taýýarlamagy maslahat berdi.
Çeşme:

Russiýanyň Musulmanlarynyň ruhy mejlisiniň müftüleriniň başlygy Albir Krganow dindeşlerine täze ýyl saçagyna halal önümlerden “oliwýe” atly meşhur işdäaçary taýýarlamagy maslahat berdi.

“Men öz dindeşlerime “oliwýe” işdäaçaryny ýöne diňe halal (yslam tarapyndan rugsat edilen) önümlerden taýýarlamagy maslahat berýärin, onsuz Täze ýyl saçagyny göz öňüne getirmek kyn. Degişli şöhlat, et ýa-da maýonez ýaly önümleri ýöriteleşdirilen dükanlarda ýa-da metjitlerde satyn almak bolar. Ýumurtga, gök önümler, nohut we beýleki goşundylary adaty söwda nokatlaryndan satyn alyp bolýar” – diýip, müfti Krganow RIA Nowosti habar berdi.

Ol sowet döwründen soňky giňişlikdäki musulmanlaryň arasynda Täze ýyl baýramyny bu işdäaçar bilen garşylamak däbiniň şu güne çenli dowam edip gelýändigini belläp geçdi.

“Bu taryhy geçmişimize bolan hormat. Musulmanlar konserwatiw, şonuň üçin olaryň saçaklarynda şol döwrüň aşhanasyna laýyklykda taýýarlanan tagamlar köp. Birinjiden, bu hakykatdanam tagamly, ikinjiden, şeýle tagamlary görüp, biz çagalygymyzy ýada salýarys. Yslam dinine uýýanlaryň arasynda spirtli içgiler, elbetde, gadagan" – diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Şol bir wagtyň özünde müfti Krganow Täze ýyl mynasybetli dynç alyş günlerinde aşa köp iýmezligi maslahat berdi.

“Bu döwür myhmançylyga gitmek we ýakynlaryňyzy we dost-ýarlaryňyzy kabul etmek üçin diýseň amatly döwür. Ýanwar aýynyň başynda ýeňillik bilen ruhubelent ýagdaýda başlamak üçin artykmaç köp iýmezligi maslahat berýärin" – diýip, müfti Krganow sözüni jemledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Gadymy siwilizasiýalar — umumy geljek: Modi we Wan I Hindistan bilen Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygyny tassyklady

Gadymy siwilizasiýalar — umumy geljek: Modi we Wan I Hindistan bilen Hytaýyň strategik hyzmatdaşlygyny tassyklady

20:59 Iýun 25, 2026
OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

19:34 Iýun 25, 2026
LineShine Hytaýy ýene-de dünýäniň iň ýokary derejesine gaýtaryp getirdi: 2,198 eksaflop/s — dünýäniň iň kuwwatly superkompýuteri El Capitan-dan öňe geçdi we iki eksaflop çäginden geçdi

LineShine Hytaýy ýene-de dünýäniň iň ýokary derejesine gaýtaryp getirdi: 2,198 eksaflop/s — dünýäniň iň kuwwatly superkompýuteri El Capitan-dan öňe geçdi we iki eksaflop çäginden geçdi

19:00 Iýun 25, 2026