HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Abu-Dabiniň logistika kompaniýasy Hazardaky işlere gatnaşmagyny giňeldýär

Ýanwar 01, 2023 | 04:17 |11975
Abu-Dabiniň AD Ports topary Gazagystan bilen Hazar deňzine degişli ylalaşyga gol çekdi. AD Ports topary Hazar deňzinde energetika kompaniýalaryna offşor we gämi gatnaw hyzmatlaryny hödürlemek üçin Gazagystanyň “KazMunaýGaz” döwlet nebitgaz kompaniýasynyň “Kazmortransflot” golçur kompaniýasy bilen bilelikdäki  kärhanany döreder.Abu-Dabiniň AD Ports topary Gazagystan bilen Hazar deňzine degişli ylalaşyga gol çekdi. AD Ports topary Hazar deňzinde energetika kompaniýalaryna offşor we gämi gatnaw hyzmatlaryny hödürlemek üçin Gazagystanyň “KazMunaýGaz” döwlet nebitgaz kompaniýasynyň “Kazmortransflot” golçur kompaniýasy bilen bilelikdäki  kärhanany döreder.
Çeşme:

Abu-Dabiniň AD Ports topary Gazagystan bilen Hazar deňzine degişli ylalaşyga gol çekdi. AD Ports topary Hazar deňzinde energetika kompaniýalaryna offşor we gämi gatnaw hyzmatlaryny hödürlemek üçin Gazagystanyň “KazMunaýGaz” döwlet nebitgaz kompaniýasynyň “Kazmortransflot” golçur kompaniýasy bilen bilelikdäki kärhanany döreder.

Maýa goýum mümkinçiligine garajak bilelikdäki kärhana kömekçi gämileri, toplumlaýyn offşor logistika we suwasty çözgütleri, soňraky tapgyrlarda bolsa – konteýnerli ýükleri, po-po (tekerli ulag serişdelerini daşamagy) hem-de Hazar we Gara deňizde çig nebiti daşamagy teklip eder diýlip, AD Ports toparynyň saýtyndaky metbugat-beýanatda adýylýar.

Maksat orta möhletli geljekde bilelikde bir ýylda 8-10 million tonna nebiti daşamakdan ybaratdyr.

Hazar deňziniň sebiti nebit çykarmakda dünýäde gadymy künjekleriň biridir we ählumumy energiýa önümçiliginiň barha has möhüm çeşmesine öwrülýär.

Şeýle hem Hazar ugry hut Sues kanaly hökmünde Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň bir bölegi bolup durýar. Bu söwda ýoly Russiýadan Hindistana geçýär hem-de awtoulag, demirýol we deňiz ýollary özünde jemleýär.

Türkmenistan hem BAE bilen bilelikdäki ulag-logistika kompaniýasyny döretmegi ara alyp maslahatlaşýar. 2022-nji ýylyň sentýabrynda türkmen wekiliýeti Abu-Dabide Abu Dhabi Ports toparynyň baş direktory Juma Al-Şamisi bilen duşuşyk geçirdi. Portlary dolandyrmakda we olary sanlylaşdyrmakda BAE-niň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak özara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Düzüminde Abu Dhabi Ports topary hem-de Türkmenistanyň hususy ulgamy hereket etjek Bilelikdäki kärhanany döretmek barada teklip beýan edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Awstraliýa Sun neberliginiň döwrüne degişli iki gadymy hytaý medeni gymmatlygyny yzyna gaýtardy

Awstraliýa Sun neberliginiň döwrüne degişli iki gadymy hytaý medeni gymmatlygyny yzyna gaýtardy

17:00 Oktýabr 30, 2026
Günorta Koreýada daşary ýurt walýutasyndaky depozitler yzly-yzyna üçünji aý rekord derejä ýetdi

Günorta Koreýada daşary ýurt walýutasyndaky depozitler yzly-yzyna üçünji aý rekord derejä ýetdi

15:00 Oktýabr 30, 2026
Türkmen öndürijileri «SIAL Paris» halkara sergisinde öz önümlerini hödürlediler

Türkmen öndürijileri «SIAL Paris» halkara sergisinde öz önümlerini hödürlediler

22:07 Oktýabr 29, 2026