HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan 1-nji ýanwardan başlap Türkmenbaşy-Baku ugry boýunça fider deňiz daşamalaryny ýola goýýar

Dekabr 31, 2022 | 05:52 |21489
2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» ÝGPJ «Balkan» gämisini Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy ugry boýunça fider konteýner daşamalaryny amala aşyrmagy ýola goýýar.2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» ÝGPJ «Balkan» gämisini Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy ugry boýunça fider konteýner daşamalaryny amala aşyrmagy ýola goýýar.
Çeşme:

2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» ÝGPJ «Balkan» gämisini Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy ugry boýunça fider konteýner daşamalaryny amala aşyrmagy ýola goýýar.

Halkara fider daşamalary ýükleri konteýnerlerde kadaly gämi ugurlarynda netijeli daşamaga mümkinçilik berýär. Bu netijeli gural bolmak bilen, ýola goýulýan fider ugry ýüküň eltilip berilmegini hem ýüki ugradyjy, şeýle hem ýüki daşaýjy üçin bähbitli edýär.

Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunda her ýylda 400 000 sany konteýneri işläp geçirmek üçin ähli şertler döredilendir. Konteýner terminalynda oturdylan tanap bilen baglanan STS görnüşdäki ýük göterijiler her sagatda 15 konteýneri geçirmäge ukyplydyr. Şeýle hem konteýnerleriň eýeleriniň rahatlygy üçin Konteýner terminalynda konteýnerleri tölegsiz saklamagyň wagty 60 gije-gündize çenli köpeldilendir.

Daşamalaryň fider ulgamy, ilkinji nobatda, deňizde ýük daşaýan kompaniýalar tarapyndan, aýratyn-da, deňiz ulagy arkaly konteýnerlerde kadaly gämi ugurlarynda daşalýan ýükleri toplamak we çykarmak üçin ulanylýar.

Onuň esasy artykmaçlygy bahasynyň elýeterliligi, gämileriň tiz wagtda işlenilmegidir, bu bolsa olaryň portda boş ýere garaşyp durmagyny aradan aýyrýar. Bu şeýle hem ýükleriň eltip berilme möhletini gysgaltmaga ýardam eder.

Konteýnerleri deňiz ulagy arkaly Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr daşamagyň nyrhnamasy:

-20 futlyk konteýner – 220 USD,
-40 futlyk konteýner – 270 USD,
-45 futlyk konteýner – 320 USD.

Konteýnerleriň fider daşamalary boýunça ähli soraglar we buýurmalar üçin «Türkmenistanyň ulag-logistika merkezine» AGPJ-ne ýüz tutmaly.

ORIENT habarlar
Surat: ÝGP «Deňiz söda floty»

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026