Habarlar

Rusiýanyň Demir ýollary edebi syýahatçylyk otlusyny işe girizerRusiýanyň Demir ýollary edebi syýahatçylyk otlusyny işe girizer

Rusiýanyň Demir ýollary edebi syýahatçylyk otlusyny işe girizer

Şu ýylyň mart aýynda Russiýanyň Demir ýollary tarapyndan syýahatçylar üçin Lew Tolstoýyň we Iwan Buniniň taryhy ýerlerine edebi otly ýola goýlar. Syýahatyň bu görnüşi "tigir üstünde myhmanhana" bolmak bilen, gündiz - gezelençler, gije bolsa – ýokary amatlyklary bolan SV we kupe wagonlarda ýol aşmakdyr. Otlynyň düzüminde restoran-wagon hem bar" – diýip, Russiýanyň Demir ýollary habar berýär.

Türkmenistanda Global GAP obasenagat standartlary boýunça milli topary döretmek meýilleşdirilýärTürkmenistanda Global GAP obasenagat standartlary boýunça milli topary döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda Global GAP obasenagat standartlary boýunça milli topary döretmek meýilleşdirilýär

Penşenbe güni Aşgabatda geçirilen maslahatlaşmalarda Türkmenistanda Global GAP boýunça Milli tehniki iş toparyny döretmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem onuň ýurduň oba hojalyk öndürijilerine we ykdysadyýetine getirip biljek peýdasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäre “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” atly ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID) maksatnamasy tarapyndan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Germaniýanyň Global GAP oba hojalyk önümleriniň hil standartyny sertifikatlaşdyrmak boýunça kompaniýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşiginiň gatnaşmagyna geçirildi.