

FIDE Russiýanyň Aziýa küşt federasiýasyna geçmegini makullady
FIDE Geňeşi Russiýanyň Küşt federasiýasynyň Aziýa küşt federasiýasyna geçmek barada haýyşy boýunça Konstitusiýa topary tarapyndan taýýarlanan doklada garady.


FIDE Geňeşi Russiýanyň Küşt federasiýasynyň Aziýa küşt federasiýasyna geçmek barada haýyşy boýunça Konstitusiýa topary tarapyndan taýýarlanan doklada garady.


Gazagystanyň Zähmet we ilatyň sosial goragy ministrligi respublika üçin zerur hünärleriň sanawyny tassyklady, bu hünärleriň eýeleri bolan daşary ýurtlylar ýurduň çäginde ýaşamak üçin rugsatnamany ýeňilleşdirilen görnüşde resmileşdirip bilerler – diýip, edaranyň metbugat gullugy habar berdi.


Russiýanyň Uzak gündogar federal uniwersitetiniň lukmançylyk merkeziniň alymlary Skoltehdäki kärdeşleri we «Motorika» kompaniýasynyň hünärmenleri bilen bilelikde aýak üçin duýgur protezi işläp taýýarladylar – diýip, «Izwestiýa» habar berýär.
Sankt-Peterburgda "Burun bilen okamak" atly kitaplaryň “müşki-anbar” sergisi açyldy. Eksponatlar adaty däl, olar 20-nji asyryň edebi eserleriniň kükäp duran hoşboý kitap ysy – diýip, “Sankt-Peterburgskiýe wedomosti” neşiri habar berýär.


1-nji martdan başlap «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy çäksiz internetiň nyrhnamalaryny aşakladýar, iň ýokary elýeterli tizligini bolsa fiziki şahslar üçin 6 mbit/s çenli ýokarlandyrýar. Bu barada türkmen prowaýderiniň saýtynda habar berilýär.


Özbegistanyň hökümeti Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň çäklerinde Gazagystanyň Aktau portunyň üsti bilen ýükleri Ýewropa ibermegi işjeňleşdirmegi maksat edinýär diýip, duşenbe güni özbek DIM-niň “Dune” habarlar agentligi habar berýär.


2023-nji ýylyň 24-nji martyndan başlap, Turkish Airlines awiakompaniýasy Aşgabada gatnawlarynyň sanyny artdyrar – uçuşlar türkmen paýtagtyna her gün ýerine ýetiriler.


Howanyň üýtgemegine uýgunlaşma boýunça çäreleriň meýilleşdirilmegi ugrundaky öňdebaryjy tejribe şu gün Türkmenistanda gibrid formatynda başlanan seminaryň baş temasy boldy.


Sankt-Peterburgyň Senagat tehnologiýalary we dizaýn boýunça döwlet uniwersitetiniň alymlary reňkli materiallary oda, suwa we beýleki zeper ýetiriji faktorlara durnukly edýän matany işläp bejermegiň usulyny işläp düzdüler. Bu barada RF-nyň Ylym we ýokary bilim ministrligine salgylanyp, «RIA Nowosti» habar berýär.


Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurtda diplomlary kabul edilýän ýokary okuw mekdepleriniň sanawynyň üstüni ýetirdi. Degişli üýtgetmeler «Türkmenistanda ýokary we orta hünär bilimi baradaky daşary ýurt döwletleri tarapyndan berlen resminamalaryň ykrar edilişiniň tertibine» girizilendir.


Eýranyň günortasynda magnitudasy 5,3 balla deň bolan ýer titreme bolup geçdi – diýip, Ýewropanyň Ortaýer seýsmologiki merkezine salgylanyp, «RIA Nowosti» habar berýär.


Medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi Türkmenistanyň Ermenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň Ermenistanyň Bilim, ylym, medeniýet we sport boýunça täze bellenen ministri Žanna Andreasýan bilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada diplomatik wekilhananyň metbugat beýanatynda habar berilýär.


2023-nji ýylyň 1-nji martyndan ÝGPJ «Aşgabat şäher telefon tory» internetiň tizligini ýokarlandyrar we nyrhnamanyň bahasyny peselder. Indi öýde ulanylýan internetiň iň pes tizligi 1 mbit/s bolar, iň ýokary tizlik bolsa – 6 mbit/s deň bolar – diýlip, AşGTS-ň saýtynda habar berilýär .


Weýrançylykly ýer titremeleri bilen baglanyşykly gyş kanikullarynyň mejbury uzaldylmagyndan soňra, Türkiýäniň 71 welaýatynda okuw gaýtadan başlandy.


Türkmenabatda Aziýa Futbol Federasiýasynyň "C" tälimçilik ygtyýarnamasy ugrundaky kurs başlandy - diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.