HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Ermenistan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdyrlar

Fewral 22, 2023 | 12:44 |2511
Medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi Türkmenistanyň Ermenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň Ermenistanyň Bilim, ylym, medeniýet we sport boýunça täze bellenen ministri Žanna Andreasýan bilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada diplomatik wekilhananyň metbugat beýanatynda habar berilýär.Medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi Türkmenistanyň Ermenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň Ermenistanyň Bilim, ylym, medeniýet we sport boýunça täze bellenen ministri Žanna Andreasýan bilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada diplomatik wekilhananyň metbugat beýanatynda habar berilýär.
Çeşme: Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi Türkmenistanyň Ermenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň Ermenistanyň Bilim, ylym, medeniýet we sport boýunça täze bellenen ministri Žanna Andreasýan bilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada diplomatik wekilhananyň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Türkmenistanyň we Ermenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek zerurlygyny nygtamak bilen, taraplar häzirki wagtda iki ýurduň ykdysadyýet boýunça ýokary okuw mekdepleriniň we sazçylyk konserwatoriýalarynyň arasynda ylalaşyklaryň taslamalarynyň taýýarlanýandygyny bellediler. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Ýerewanyň döwlet uniwersitetiniň arasyndaky ylalaşyklar, şeýle hem dostlukly ýurtlaryň oba hojalygy boýunça ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ylalaşyklar üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Bu ýyl Ýerewanda Türkmenistanyň Ermenistandaky medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen diplomaty beýik türkmen şahyry-filosofy Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara maslahatyny we konserti guramaklygy teklip etdi, onuň 300 ýyllygy 2024-nji ýylda dabaraly bellenilip geçiler.

Sport babatynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine degip geçmek bilen, Žanna Andreasýan türkmen türgenlerini Ermenistanyň sport toplumlarynda kadaly okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmäge çagyrdy. Ministr ýurduň iri halkara ýaryşlaryny geçirmegi maksat edinýändigini hem belledi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026