HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Turkish Airlines Stambul-Aşgabat gatnawyny her gün ýerine ýetirer

Fewral 22, 2023 | 15:49 |10907
2023-nji ýylyň 24-nji martyndan başlap, Turkish Airlines awiakompaniýasy Aşgabada gatnawlarynyň sanyny artdyrar – uçuşlar türkmen paýtagtyna her gün ýerine ýetiriler.2023-nji ýylyň 24-nji martyndan başlap, Turkish Airlines awiakompaniýasy Aşgabada gatnawlarynyň sanyny artdyrar – uçuşlar türkmen paýtagtyna her gün ýerine ýetiriler.
Çeşme: central-asia.news

2023-nji ýylyň 24-nji martyndan başlap, Turkish Airlines awiakompaniýasy Aşgabada gatnawlarynyň sanyny artdyrar – uçuşlar türkmen paýtagtyna her gün ýerine ýetiriler.

Häzirki wagtda Türkiýäniň howa arkaly gatnadyjysy Aşgabada hepdede iki gezek – çarşenbe we şenbe günleri uçýar. 24-nji martdan başlap, uçuşlar her gün ýerine ýetiriler – Stambuldan uçuş 20:30-da bolup, Aşgabada 02:20-de gonulýar. Uçaryň yzyna uçýan wagty 03:45-de we Türki gelinýän wagt 05:55.

Täze tertip boýunça howa petekleri eýýäm satuwa gelip gowuşdy, olary awiakomapniýanyň www.turkishairlines.com saýtynda ýa-da iPhone we Android üçin goşundylaryň üsti bilen, şeýle hem petek satylýan ähli edaralaryndan satyn alyp bolar.

Howa petekleriniň Stambul (IST) – Aşgabat (ASB) bir tarap üçin bahasy 7,393 türk lirasyndan başlap, Aşgabat-Stambul ugry boýunça bolsa 367 ABŞ dollaryndan başlap satylýar.

Şeýle hem Turkish Airlines-iň Aşgabatdaky wekilhanasy howa arkaly gatnaýan ýolagçylara 23-nji martda Stambul (IST) – Türkmenbaşy (KRW) – Stambul ugry boýunça uçuş maksatnamasynyň tamamlanjakdygyny habar berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026