HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistan Aktau gazak portunyň üsti bilen ýükleri ÝB-e ibermegi işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär

Fewral 22, 2023 | 16:23 |6328
Özbegistanyň hökümeti Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň çäklerinde Gazagystanyň Aktau portunyň üsti bilen ýükleri Ýewropa ibermegi işjeňleşdirmegi maksat edinýär diýip, duşenbe güni özbek DIM-niň “Dune” habarlar agentligi habar berýär.Özbegistanyň hökümeti Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň çäklerinde Gazagystanyň Aktau portunyň üsti bilen ýükleri Ýewropa ibermegi işjeňleşdirmegi maksat edinýär diýip, duşenbe güni özbek DIM-niň “Dune” habarlar agentligi habar berýär.
Çeşme: inbusiness.kz

Özbegistanyň hökümeti Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň çäklerinde Gazagystanyň Aktau portunyň üsti bilen ýükleri Ýewropa ibermegi işjeňleşdirmegi maksat edinýär diýip, duşenbe güni özbek DIM-niň “Dune” habarlar agentligi habar berýär.

Agentligiň maglumatlaryna görä, Özbegistanyň Aktaudaky baş konsuly Atabek Tursynbekow we “NK Aktauskiý morskoý torgowyý port” PJ-niň müdirýetiniň başlygy Abaý Turikpenbaýew özbek önümleriniň Gazagystanyň bu deňiz menziliniň üsti bilen Ýewropa eksport edilmegi baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

“Aktau deňiz söwda portunyň ýolbaşçysy özbek eksport edijilerinden Aktau deňiz söwda porty arkaly ýükleri daşamaga haýyşnamalary kabul etmäge hem-de olara ýörite ýeňillikli şertleri hödürlemäge taýýardyklaryny beýan etdi” diýip, “Dune” saýtynyň habarynda aýdylýar.

Agentlikde bellenilişi ýaly, Turikpenbaýew portuň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi özbek telekeçileriniň geljekde Ýewropa bazarlaryna çykmagynyň alternatiw ýoluna öwrüler diýip nygtady.

Gazagystan tarapynyň maglumatlaryna görä, port mümkinçiliklerini artdyrýar, şol sanda üstaşyr we konteýnerli daşamalaryň hasabyna hyzmatlaryny diwersifikasiýalaşdyrýar hem-de Hazarüsti halkarea ulag geçelgesiniň bir bölegine öwrülýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

Yrak ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky konflikt sebäpli ýitgilerini 60 milliard dollara golaý diýip bahalandyrdy

16:00 Oktýabr 17, 2026
Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

Zelenskiý 2027-nji ýyl üçin Ýewropa Bileleşiginden ýene 70 milliard ýewro kömek sorady

15:00 Oktýabr 17, 2026