HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanda ýaşamak üçin rugsatnamany almagyň ýönekeýleşdirilmegi üçin ýurtda zerur bolan hünärleriň sanawy tassyklandy

Fewral 22, 2023 | 17:48 |5833
Gazagystanyň Zähmet we ilatyň sosial goragy ministrligi respublika üçin zerur hünärleriň sanawyny tassyklady, bu hünärleriň eýeleri bolan daşary ýurtlylar ýurduň çäginde ýaşamak üçin rugsatnamany ýeňilleşdirilen görnüşde resmileşdirip bilerler – diýip, edaranyň metbugat gullugy habar berdi.Gazagystanyň Zähmet we ilatyň sosial goragy ministrligi respublika üçin zerur hünärleriň sanawyny tassyklady, bu hünärleriň eýeleri bolan daşary ýurtlylar ýurduň çäginde ýaşamak üçin rugsatnamany ýeňilleşdirilen görnüşde resmileşdirip bilerler – diýip, edaranyň metbugat gullugy habar berdi.
Çeşme: gov.kz

Gazagystanyň Zähmet we ilatyň sosial goragy ministrligi respublika üçin zerur hünärleriň sanawyny tassyklady, bu hünärleriň eýeleri bolan daşary ýurtlylar ýurduň çäginde ýaşamak üçin rugsatnamany ýeňilleşdirilen görnüşde resmileşdirip bilerler – diýip, edaranyň metbugat gullugy habar berdi.

"Zähmet we ilaty sosial goragy ministrligi tarapyndan ... Gazagystan üçin ylym, saglygy goraýyş, senagat we IT pudagy üçin gymmatly hünärlere eýe bolan daşary ýurt raýatlarynyň respublikada ýaşamak üçin rugsatnama beriljek hünärleriň sanawy tassyklandy", - diýlip, ministrligiň saýtynda ýerleşdirilen habarda bellenilýär.

Metbugat habarnamasynda "Isleg bildirilýän hünärleri bolan daşary ýurtlular ýaşamak üçin rugsatnamany, töleg tölemek mümkinçiligini tassyklamazdan, içeri işler edaralarynda ýeňilleşdirilen görnüşde resmileşdirip bilerler" – diýlip, düşündiriş berilýär. Ýaşamak üçin rugsatnama 10 ýyl möhlet bilen ýa-da daşary ýurtlynyň pasportynyň möhletine görä berilýär.

Talap edilýän hünärleriň sanawyny tassyklamak baradaky buýruk 28-nji fewraldan güýje girýär. Sanawda saglygy goraýyş, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary, senagat, ylym we beýleki pudaklar boýunça zerur bolan 21 hünär bar.

Bu sanawa – neýrohirurg, gematolog, onkolog, neonatolog, endokrinolog, organiki däl maddalaryň tehnologiýasy boýunça inžener, organiki maddalaryň tehnologiýasy boýunça inžener, farmasewtiki inžener-tehnolog, peýdaly gazylyp alynýan minerallary taýýarlamak boýunça inžener, awiasiýa inženeri, älem ulgamyny enjam we programma üpjünçiligi boýunça inžener, täze enjamlary we tehnologiýany ornaşdyrmak boýunça inžener, lazer enjamlary boýunça inžener, sellýuloza, kagyz, çap we süýüm öndürmek boýunça inžener, lukmançylyk radiohimiýa inženeri, lukmançylyk inžener-fizik, dokma çig malynyň klassifikatory, bakteriolog, IT infrastrukturasy boýunça arhitektor, programma üpjünçiligi boýunça arhitektor we önümçilik okuwynyň ussasy ýaly hünärler girýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistan we Pakistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler

01:05 Iýun 20, 2026