

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatyna sapary amala aşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatyna bardy we dabaralaryň birnäçesine gatnaşdy.


Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatyna bardy we dabaralaryň birnäçesine gatnaşdy.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýranyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Ali Hamenei bilen duşuşdy.


Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi Aşgabat bilen Tähranyň gatnaşyklary ösdürmäge çynlakaý çemeleşýändiklerini we geljekki iki onýyllyk üçin ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky resminama gol çekmäge taýýardyklaryny aýtdy.


“Uglewodorodlary işlemegiň ekologiýa ugurlary we wodorod energetikasyny ösdürmegiň geljegi” – Aşgabatda geljek hepdäniň 23-nji iýunynda geçiriljek halkara maslahatynyň temasy bolar.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýranyň Baştutanyň Ibragim Raisiniň gatnaşmagynda ýurtlaryň arasynda dürli ugurlarda özara düşünişmek hakynda dokuz Ähtnama gol çekildi hem-de döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasy kabul edildi diýip, Mehr habarlar agentligi habar berýär.


Tähranda Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy boldy.


Sişenbe güni agşam Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki günlük sapar bilen Tährana geldi.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow eýranly kärdeşi Saýed Ibragim Raisiniň resmi çakylygy boýunça sişenbe güni (14-nji iýunda) agşam syýasy we ykdysady ulgamyň ýolbaşçylarynyň ýokary derejeli wekiliýetine baştutanlyk edip, iki günlük sapar bilen Tähranda bolar diýip, duşenbe güni Mehr habarlar agentligi habar berdi.


Duşenbe güni iki ýurduň Daşary işler ministrleri telefon arkaly Türkmenistanyň Prezidentiniň Saud Arabystanyna boljak resmi saparyna taýýarlygyň çäklerinde ikitaraplaýyn çäreleriň guramaçylyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýakyn günlerde Eýrana resmi sapar gurar diýip, IRNA habarlar agentligine salgylanyp, TASS habar berýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň netijelerine ýokary baha berdi.


Moskwada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň netijeleri boýunça türkmen-rus strategiki hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň täze tapgyrynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini kadalaşdyryjy resminamalaryň agramly bukjasyna gol çekildi.


Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin hepdäniň anna güni Kremlde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Dostluk ordenini gowşurdy. Degişli Permana Russiýanyň lideri maý aýynda gol çekipdi.


Moskwada Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri – Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putiniň gepleşikleri başlandy.


Hepdäniň penşenbe güni Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy – diýip, ýurduň resmi metbugaty ýazýar.