Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabat şäherine iş saparyny amala aşyrdy


– Hepdäniň penşenbe güni Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy – diýip, ýurduň resmi metbugaty ýazýar.
Iş saparynyň başynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy Türkmenabat şäherinde ýerleşýän köpugurly hassahana bardy we ol ýerde işlemek üçin döredilen şertler barada işgärler bilen söhbetdeş boldy, kardiologiýa bölüminde bejergi alýan çagalaryň ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Hassahanada bejergi alýan çagalaryň ene-atalary bilen bolan gürrüňdeşlikde Halk Maslahatynyň başlygy bu ýerde hödürlenýän luklamçylyk hyzmatlarynyň hili we bejerginiň netijeleri bilen gyzyklandy. Lukmanlaryň innowasion bejergi usullaryny ulanýandyklaryny bellemek bilen, ene-atalar alnyp barylýan bejeriş toplumy barada gürrüň berdiler.
Köpugurly hassahananyň ýolbaşçylary bilen bolan iş maslahatynda hassahananyň lukmanlarynyň paýtagtyň Halkara ylmy-kliniki merkezlerinde zähmet çekýän kärdeşleri bilen tejribe alyşmak babatda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýandyklary barada aýdyldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow: “Bu tejribäni Türkmenistanyň ähli welaýat lukmançylyk edaralarynda ýola goýmaly” – diýip, nygtap geçdi.

Şeýle hem, Halk Maslahatynyň başlygy iş maslahatyna gatnaşan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Rejep Bazarowa lukmançylyk merkezlerini döwrebaplaşdyrmak üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almaga serişdeleriň bölünip berlişi baradaky meseläni öwrenmegi tabşyrdy.
Iş saparynyň dowamynda Halk Maslahatynyň başlygy Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna baryp gördi we ol ýerde häzirkizaman bilim almak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy, institutyň mugallymlary we talyplary bilen duşuşdy.

Pedagogika ylmynyň ösüşi, okuw prosesine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy, ýaşlar syýasaty we bilim ulgamynda kanunçylygyň kämilleşdirilişi, daşky gurşawy goramak ýaly mowzuklar duşuşygyň esasy temasy boldy.
Türkmenistanyň Gahrymanlary – Halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň we ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uçurymlarydygyny ýatlatmak bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow institutda ýörite otag döretmek we onda ady agzalan gahrymanlaryň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly maglumatlary ýygnamak mümkinçiligini belledi.
Şeýle hem, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy institut üçin halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze binanyň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygy barada aýtdy.

Soňra Halk Maslahatynyň başlygy Türkmenabat şäheriniň bazaryna baryp gördi, ol ýerde satyjylar we alyjylar bilen söhbetdeşlikde önüm bolçulygynyň üpjünçiligi bilen gyzyklandy.

Şeyle-de, Gurbanguly Berdimuhamedow Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap awtomobil köprüsine bardy, ol ýerde Lebap welaýatynyň häkimi bilen ekerançylyk ýerleriniň suw üpjünçiligi meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
ORIENT news








