Moskwada türkmen-rus hyzmatdaşlygy barada resminamalaryň agramly bukjasyna gol çekildi
Iýun 11, 2022 | 02:13 |12573


Moskwada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň netijeleri boýunça türkmen-rus strategiki hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň täze tapgyrynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini kadalaşdyryjy resminamalaryň agramly bukjasyna gol çekildi.
Olaryň arasynda strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky Jarnama, Türkmenistanyň hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň arasynda ösümlik karantini pudagyndaky hyzmatdaşlyk baradaky şertnama we söwda-ykdysady, ulag, gurluşyk, ylym-bilim, sport we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyk baradaky ikitaraplaýyn resminamalar bar.
ORIENT news








