HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatyna sapary amala aşyrdy

Iýun 18, 2022 | 23:29 |14268
Türkmenistanyň Prezidenti  Mary welaýatyna bardy we dabaralaryň birnäçesine gatnaşdy.Türkmenistanyň Prezidenti  Mary welaýatyna bardy we dabaralaryň birnäçesine gatnaşdy.
Çeşme:

– Hepdäniň anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda gurlup, köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenilen 3 müň orunlyk binanyň açylyş dabarasyna gatnaşmak, şeýle-de alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň gidişi bilen tanyşmak üçin Mary welaýatyna sapara ugrady – diýip, resmi türkmen metbugaty ýazýar.

Türkmen lideri Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlarynyň ýanynda saklanyp, kärendeçi-daýhan Atageldi Ärnyýazow bilen söhbetdeş boldy. Döwlet Baştutany ekerançydan zähmet şertleri, suw serişdeleri bilen üpjünçilik meseleleri, tohumyň hem-de döküniň hili, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň geçirilişi bilen gyzyklandy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow kärendeçiniň ýetişdiren bugdaýyndan bir desse orup, täze hasylyň oragyna ak pata berdi, soňra däne ýygnaýjy oba hojalyk tehnikasynyň işleýşine syn etdi.

Türkmen lideri bugdaý hasylyndan boşan meýdanlary synlap, häzirki zaman oba hojalyk tehnikasynyň diňe bir ýokary öndürijilikli bolman, hasyly ýitgisiz ýygnaýandygyny hem aýtdy.

Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов в Марыйской области

Kärendeçiniň ekin meýdanynda döwlet Baştutany köp ýyllaryň dowamynda ylmy barlaglaryň geçirilýändigi barada gürrüň beren türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda bugdaýyň dok däneli, kesele durnukly we ýokary hasylly täze görnüşleriniň döredilendigi barada aýdyldy. Alym-agronom 200-210 günüň dowamynda ýetişýän bugdaýyň täze görnüşiniň hasyllylyk derejesiniň her gektardan 55-60 sentnere barabardygyny aýtdy, soňra döwlet baştutanyna bugdaýyň täze döredilen görnüşlerine at bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bugdaýyň täze görnüşleriniň häzirki döwrüň ruhuny alamatlandyrýan “Berkarar” we “Galkynyş” diýip atlandyrylsa, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy hem-de alym-agronomlara alyp barýan wajyp işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов в Марыйской области

Soňra türkmen lideri Türkmenistanyň beýleki welaýatlarynda-da edil şular ýaly bina edilen “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda gurlup, köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenilen 3 müň orunlyk binanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Serdar Berdimuhamedow täze binanyň toý bagyny kesdi we täze binada döwlet baştutanynyň ýakynda Mekge-Medinede bolup, ol ýerde haj zyýaratyny berjaý etmegi mynasybetli berilýän toý sadakasyna gatnaşdy.

Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов в Марыйской области

Türkmenistanyň Prezidenti tagam çekilmezden ozal, zyýarat wagtynda berlen mukaddes teperrigiň Mary welaýatyndaky Gurbanguly hajynyň adyny göterýän metjitde goýlandygyny aýdyp, onuň ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndaky metjitlerinde hem goýuljakdygyny, ildeşlerimiziň bu mukaddesligi ýüzlerine sylyp, doga-dilegler etmek mümkinçiligine eýe boljakdygyny belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026