HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Wodorod, Derweze we ýaşyl gelejek – Aşgabatda geçiriljek halkara forumyň meseleleri we baş ugurlary

Iýun 15, 2022 | 21:30 |13933
“Uglewodorodlary işlemegiň ekologiýa ugurlary we wodorod energetikasyny ösdürmegiň geljegi” – Aşgabatda geljek hepdäniň 23-nji iýunynda geçiriljek halkara maslahatynyň temasy bolar.“Uglewodorodlary işlemegiň ekologiýa ugurlary we wodorod energetikasyny ösdürmegiň geljegi” – Aşgabatda geljek hepdäniň 23-nji iýunynda geçiriljek halkara maslahatynyň temasy bolar.
Çeşme:

“Uglewodorodlary işlemegiň ekologiýa ugurlary we wodorod energetikasyny ösdürmegiň geljegi” – Aşgabatda geljek hepdäniň 23-nji iýunynda geçiriljek halkara maslahatynyň temasy bolar.

Çäräniň guramaçylary – “Türkmen Forum” HJ-i bilen hyzmatdaşlykda we “GaffneyCline” britan kompaniýasynyň goldamagynda “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleri – adamzadyň iň möhüm meseleleriniň birini ara alyp maslahatlaşmaga pudagyň öňdebaryjylaryny hem-de çözgütleri kabul edýän esasy adamlary çekmegi maksat edinýärler.

Ählumumy mesele ýerli häsiýete eýe bolar – ony çözmegiň ýollaryna türkmen uglewodorod ulgamynyň hem-de onuň “ýaşyl” ugra gönükdirilmeginiň anyk mümkinçilikleriniň mysalynda garalar. Abraýly alyp baryjylaryň 30-dan gowragy – Türkmenistanyň Hökümetiniň wekilleri, milli we halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, energetika korporasiýalarynyň, barlag geçiriji merkezleriň ýolbaşçylary bilermenlik pikirlerini paýlaşarlar, Türkmenistanyň energetika toplumynda täzeçil tehnologiýalaryň ýaýbaňlandyrylmagy babatdadünýäniň wodoro ulgamyndaky ýagdaýlara seljerme bererler.

Экологические аспекты разработки углеводородов и перспективы развития водородной энергетики

Çekişmeler anyk ugurly häsiýetde geçer: guramaçylar wodorod senagatyny döretmek we pesuglerodly taslamalary ösdürmek, şol sanda metanyň howa bölünip çykmagyny azaltmak boýunça maksatlara ýetmek babatda has netijeli çemeleşmeleri tapmagy maksat edinýärler.

Şunuň bilen baglylykda, “Derweze”-däki gaz ojagyny dolandyrmak aýratyn ara alnyp maslahatlaşyljak mesele bolar. Şu babatda esasy ünsi çekjek – kanadaly barlag geçiriji Jorj Koronisdir. Ol 2013-nji ýylda howply syýahaty guran hem-de Garagumuň merkezinde alawlap ýanyp duran gazly ojagyň düýbüne gadam basan ilkinji adam bolup tanaldy.

National Geographic Society tarapyndan maliýeleşdirilen syýahatyň esasy maksady otly ojagyň düýbünden topragyň nusgalaryny alyp, olary Çikagodaky barlaghana eltmekden hem-de DNK seljermesini geçirmekden we şeýle şertlerde mikroblaryň bolmak mümkinçiligini öwrenmekden ybarat boldy. Otly ojagyň düýbünde adaty bolmadyk mikroorganizmleriň ençeme görnüşleriniň bardygy anyklanyldy! Barlag geirijileriň pikirine görä, munuň özi beýleki planetalarda ýaşaýşy gözlemäge kömek eder.

Экологические аспекты разработки углеводородов и перспективы развития водородной энергетики

Syýahat örän uly üstünlige beslendi, Koronisiň özi bolsa Derwezedäki otly ojagyň düýbüne barandygy üçin Ginnesiň rekordlar Kitabyna girdi. Derweze Türkmenistanyň meşhur, bütindünýä belli syýahatçylyk künjegine öwrüldi.

2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Hökümeti Derwezedäki 50 ýyl töweregi ýanyp duran otly ojagyň ekologiýa ýetirýän zyýany sebäpli, ony söndürmegi maksat edinýändigini beýan etdi.

Foruma gatnaşyjylar, şeýle hem uglewodorodlary çykarmakda we ugurdaş gazlaryň bölünip çykyşyny azaltmakda innowasiýalary we nou-haulary, gaýtadan dikeldilýän arassa energiýa çeşmeleriniň öňe ilerledilişini hem-de Türkmenistanyň energetika pudagy üçin howa babatda täze maliýeleşdirilmesini ara alyp maslahatlaşarlar.

Foruma gatnaşjaklaryň uly sanawyna CNPC, BP, SOCAR, Petronas, Areti, Mitro International, Buried Hill, NAPECO, Dragon Oil, ENI, Lukoýl ýaly meşhur halkara kompaniýalaryň wekilleri girer. Halkara guramalar – Halkara energetika agentligi, IRENA, Ählumumy gaz merkezi, Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumy, Nebitçi-inženerleriň jemgyýeti, Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty foruma gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler.

Maslahatyň mejlislerine we bölümçe duşuşyklaryna BMG-niň, ÝHHG-niň hem-de maliýe institutlaryň – Bütindünýä bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň hem-de Türkmenistanda işleýän ilçihanalaryň wekilleri gatnaşarlar.

Çäreleriň geçýän wagtynda maslahata we işewür duşuşyklara gatnaşmak gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeler hem-de ekologiýa taýdan has arassa energiýa tarap Türkmenistanyň energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak ulgamynda geljegi uly maýa goýum mümkinçilikleri barada oňa gatnaşyjylaryň düşünjesini artdyrar.

Экологические аспекты разработки углеводородов и перспективы развития водородной энергетики

Çäre utgaşykly görnüşde – göni we onlaýn arkaly Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçiriler. Has giňişleýin maglumat almak üçin şu web-saýta giriň.

Bu wekilçilikli çäräni Türkmenistanyň döwlet guramalary bilen beýleki ýurtlaryň iri nebitgaz institutlarynyň, daşky gurşawy goramak hem-de ýaşyl geljegi gurmak ulgamynda dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirýän halkara guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, her ýyl geçirmek meýilleşdirilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026