

Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň ýokary wezipeli wekilini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Amina Mohammed bilen duşuşdy.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Amina Mohammed bilen duşuşdy.


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşygyň taýýarlanylyşynyň barşyny hem-de hyzmatdaşlygyň beýleki meselelerini gürleşdiler.


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň üçünji duşuşygynyň işine gatnaşmak üçin Gazagystana ugrar.


Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ýakyn günlerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyk geçirer diýip, Russiýanyň Baştutanynyň metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň sözlerine salgylanyp,TASS habar berýär.


Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy duşenbe güni, 6-njy iýunda bellenildi. Bu barada Türkiýäniň DIM-niň ýolbaşçysy Mewlýut Çawuşoglunyň boljak duşuşyklarynyň sanawy baradaky makalada Daily Sabah türk neşiri habar berýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mekkede umra hajyny berjaý etdi.


Türkmenistanyň Prezidenti ýurt daşyna bolan ilkinji saparyny Saud Arabystanyna amala aşyrdy.


Sişenbe güni Türkmen parlamentiniň ýokary palatasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezindäki täze Köpugurly hassahana baryp gördi diýip, şu gün resmi metbugat ýazýar.


Hepdäniň sişenbe güni Almaty şäherinde Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň, şeýle-de BMG-niň ýörite wekilleriniň Owganystan boýunça nobatdaky duşuşygy geçirildi.


Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesine Çaryguly Ataýew bellenip, ol Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy.


25-nji maýda türkmen parlamentiniň ýokary palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyza gelen daşary ýurtly myhmanlaryň birnäçesi bilen duşuşyklary geçirdi diýip, şu gün resmi metbugat ýazýar.


Anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň birinji wise-premýeri Roman Sklýar kabul etdi. Söhbetdeşlikde söwda-ykdysady we nebitgaz pudaklarynda, senagat we obasenagat toplumlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýandygy tassyklanyldy.


Anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýyny gözden geçirdi.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Muhammetdurdy Muhammedow Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygynyň anna güni Gazagystanyň premýer ministri Alihan Smailowyň başlyklyk etmeginde geçirilen hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.


Türkmen parlamentiniň ýokary palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy - «Tatarystanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin» ordeni bilen sylaglandy diýip, şu günki resmi metbugat ýazýar.