Serdar Berdimuhamedow döwlet edaralarynda prokuror gözegçiligini güýçlendirmek barada görkezme berdi
Oktýabr 07, 2022 | 05:40 |5644


«Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde döwlet edaralary tarapyndan kadalaşdyryjy hukuk hereketleriniň ýerine ýetirilişine prokuror gözegçiligini güýçlendirmek barada görkezme berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutany 2022-2028-nji ýyllar üçin hukuk goraýjy edaralary ösdürmekligiň maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen tanyşdy we döwlet howpsuzlygyny we çäk bitewiligini üpjün etmek maksady bilen harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini utgaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.
ORIENT news
Surat: centralasia.news








