Türkmen wekiliýeti II Hazar ykdysady forumyna gatnaşýar


Türkmenistanyň wekiliýeti II Hazar ykdysady forumyna gatnaşýar. Bu çäre 5-nji we 6-njy oktýabrda Moskwanyň Skolkowo tehnoparkynda geçirilýär. Oňa Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin we “hazar bäşligine” girýän ýurtlaryň ýokary derejeli ýolbaşçylary gatnaşýarlar.
Türkmen delegasiýasyna wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow ýolbaşçylyk edýär.
5-nji oktýabrda logistikadan başlap, syýahatçylyk taslamalaryna çenli dürli mowzuklarda tegelek stollar we duşuşyklar geçiriler.
6-njy oktýabrda forumyň çäginde hazarýaka döwletleriň häkimiýetleriniň wekilleriniň we öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň umumy mejlisi geçiriler. Forumyň dowamynda Hazar sebitindäki söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň esasy meselelerine serediler. Esasy ünsüň ulag infrastrukturasy, energetika, daşky gurşawy goramak, şeýle-de sebitara hyzmatdaşlygy we medeni-gumanitar gatnaşyklary ösdürmek boýunça bilelikdäki taslamalara gönükdirilmegi meýilleşdirilýär.
Forum ikinji gezek hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin iri meýdança bolup hyzmat eder. Birinji Hazar ykdysady forumy 2019-njy ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçirildi.
ORIENT news








