USAID guramasy Merkezi Aziýa ýurtlary üçin söwda maksatnamalary üçin maýa goýumlaryny artdyrmak meýillerini beýan edýär
Oktýabr 07, 2022 | 04:50 |5985


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID) harytlary we hyzmatlary eksport etmek üçin başga bazarlary tapmaga kömek etmek üçin Merkezi Aziýa ýurtlary üçin söwda boýunça býujet maksatnamalaryny 15,2 million ABŞ-nyň dollaryna çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada RT habar berýär.
Täze taslamalar halkara çökgünliginiň ykdysady netijelerine jogap bolmak bilen, dünýä bazaryndaky söwdanyň has-da ösmegi üçin tehniki taýdan goldaw berer.
Maksatnama Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunda, şol sanda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylar we ol logistika ulgamyndaky döwlet edaralaryna we kärhanalara goşmaça kömek bermegi göz öňünde tutýar.
ORIENT news
Surat: www.panarmenian.net








