II Hazar ykdysady forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň wekilýetleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi


Moskwada Russiýa federasiýasynyň hökümetiniň başlygy Mihail Mişustiniň, Azerbaýjanyň premýer-ministri Ali Asadowyň, Gazagystanyň premýer-ministri Alihan Smailowyň, Eýranyň birinji wise-prezidenti Mohammat Mohberiň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň gatnaşmagynda gysga düzümde II Hazar ykdysady forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň wekilýetleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.
Mihail Mişustin duşuşykda çykyş edip, Russiýa Federasiýasynyň şu görnüşdäki duşuşyklaryň tapgyryny Türkmenistandan kabul edýändigini belledi, şeýle forumyň ilkinjisi 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde guralypdy.

Ol şeýle hem häzirki mejlisiň 29-njy iýunda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitiniň ösdürilmegi babatda geçirilýändigine kärdeşleriniň ünsüni çekdi. Şol duşuşykda döwlet baştutanlary Hazarda hyzmatdaşlyk etmegiň has möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, ykdysady, söwda, energetika, ulag we medeniýet ulgamlarynda birnäçe täze başlangyçlary öňe sürdüler, şeýle hem başlangyçlaryň köpüsi ekologiýa ulgamyna degişli bolupdy.

Şunuň bilen baglylykda, ol hazarýaka döwletleriniň liderleriniň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça bilelikde işlemegiň ölçeglerini gysga düzümde ylalaşmagy hem-de bäş ýurduň gatnaşmagynda işe girizilip bilinjek geljegi has uly ykdysady taslamalara garamagy teklip etdi.
“Biziň uly, baý mazmunly gün tertibimiz bar. Şu günki duşuşygymyzyň netijeleri boýunça biziň has anyk çözgütlere geljekdigimize ynanýaryn, şol çözgütler Hazar sebitinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berer hem-de ahyrky netijede biziň döwletlerimiziň raýatlarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam eder” diýip, Mişustin aýtdy.

Ikinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin müňden gowrak adamlar bellige alyndy – olar diňe bir Russiýa Federasiýasyndan we Hazar “bäşliginiň” ýurtlaryndan bolman, eýsem, Belarussiýadan, Gyrgyzystandan hem-de Özbegistandan wekiller gatnaşdylar diýlip, RF-niň hökümetiniň saýtynda habar berilýär.
Forumda Hazarýaka sebitinde söwda-ykdysady we ylmy-tehniki taýdan hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslaatlaşylýar. ulag infrastrukturasy, energetika, daşky gurşawy goramak ulgamlarynda bilelikdäki taslamalara, şeýle hem sebitara hyzmatdaşlygynyň hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösdürilmegine esasy üns berilýär.
ORIENT news
Foto: government.ru








