Habarlar

Çawusoglu Hazardan TANAP-yň üsti bilen goşmaça mukdarda gaz üpjünçiligi barada aýtdyÇawusoglu Hazardan TANAP-yň üsti bilen goşmaça mukdarda gaz üpjünçiligi barada aýtdy

Çawusoglu Hazardan TANAP-yň üsti bilen goşmaça mukdarda gaz üpjünçiligi barada aýtdy

«Biz TANAP-yň (Trans-Anadoly gaz turbageçirijisi) Hazar sebitinden goşmaça tebigy gazy halkara bazaryna çykaryp biler ýaly hyzmatdaşlygy giňeltmeli», –diýip Ankarada geçirlen Türk döwletleri guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisinde Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlut Çawusoglu aýtdy. Ol: «Biziň umumy maksadymyz bolmaly», – diýdi. Bu barada Haber Global habar berilýär.

Sebitiň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylary umumy tranzit portalyny girizmek barada ylalaşdylarSebitiň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylary umumy tranzit portalyny girizmek barada ylalaşdylar

Sebitiň gümrük edaralarynyň ýolbaşçylary umumy tranzit portalyny girizmek barada ylalaşdylar

Çarşenbe güni Bakuwda Azerbaýjan, Gruziýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkmenistan, Täjigistan we Türkiýäniň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň köptaraplaýyn mejlisi geçirildi. Gatnaşyjy ýurtlaryň edaralarynyň hünärmenleriniň duşuşygyň öňüsyrasynda ara alnyp maslahatlaşylan mowzuk Trans-Hazar halkara Gündogar-Günbatar orta koridorynyň ugry boýunça «bir penjire» ýörelgesinde üstaşyr gümrük düzgünini ýönekeýleşdirmek baradaky taslama boldy.