Ankarada TDG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi


Ankarada Türki döwletler guramasynyň (TDG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Duşuşyk Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bagtyýor Saidowyň başlyklyk etmeginde geçirildi.
Çärä gatnaşyjylar TDG-nyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň adatdan daşary mejlisine taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar, sammitde garaljak gün tertibiniň we resminamalaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar, Guramanyň çäklerinde tebigy betbagtçylyklaryň ýetirýän zyýanyny ýok etmek we ynsanperwer kömegini bermek ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.
Bu sammit 2023-nji ýylyň fewral aýynda Türkiýäniň günorta-gündogarynda bolup geçen weýrançylykly ýer titremeden ejir çeken türk halkyny goldamak üçin çagyryldy. Şunuň bilen baglylykda, adatdan daşary ýagdaýlarda TDG-a agza döwletleriň ygtyýarly edaralarynyň özara hyzmatdaşlyk we täze tebigy betbagtçylyklara dessin garşy durmak meselelerine aýratyn üns berildi.
ORIENT news








