Türkmenistanyň Prezidentine ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly gowşuryldy


Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medaly gowşuryldy.
Bu çözgüt halk wekillerinden, jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we ýurduň raýatlaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda kabul edildi. Resminamada döwlet Baştutanynyň ýurduň özygtyýarlylygyny we goranyş kuwwatyny pugtalandyrmakdaky, goranyş häsiýetli Harby doktrinasyny yzygiderli durmuşa geçirmekdäki, Ýaragly Güýçleriň maddy-tehniki binýadyny hem-de Watan goragçylarynyň gulluk şertlerini kämilleşdirmekdäki aýratyn hyzmatlary bellenilýär.
Şeýle hem döwlet Baştutanynyň ýurduň howpsuzlygyny we hukuk tertibini üpjün etmekdäki, hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan halkara parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryny öňe sürmekdäki, şeýle-de ýaşlary Watana bolan söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemekdäki şahsy goşandy aýratyn nygtalýar.





