Awazada Türkmenistanyň we Täjigistanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy geçirildi


«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşligiň başynda Täjigistanyň Lideri çakylyk we mähirli kabul edilendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, özara bähbitleriň ähli ugurlaryny öz içine alýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň durnukly ösdürilýändigini belledi.
Iki döwletiň Baştutanlary strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Netijeli dialogyň dowamynda taraplar döwletara syýasy dialogy, söwda-ykdysady gatnaşyklary, ulag-logistika we üstaşyr geçelgeler ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, şeýle hem ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy öz içine alýan giň gerimli meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak meselesine aýratyn üns berildi. Şeýle hem iki ýurduň Prezidentleri sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.








