Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Aşgabat bilen Moskwa DIM-niň arasynda 2027–2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdi

Oktýabr 08, 2026 | 18:57 |3481
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda gepleşikler geçirildi«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda gepleşikler geçirildi
Çeşme: mid.ru

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda gepleşikler geçirildi. GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşygyň esasy amaly netijesi iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2027–2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekilmegi boldy.

Ministrlikleriň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gün tertibiniň esasy ugurlaryna seredip, çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk derejesindäki gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilen ugry tassykladylar. Üns merkezinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň çäklerindäki özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, şeýle hem medeni-ynsanperwer we bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary giňeltmek meseleleri boldy.

DIM-leriň ýolbaşçylary halkara we sebit derejesindäki esasy meýdançalarda ýakyndan utgaşykly iş alyp barmaga taýýardyklaryny tassykladylar. GDA-nyň çäklerindäki köptaraplaýyn dialoga, «Russiýa – Merkezi Aziýa» formatyna we Hazarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berildi. Gepleşikler däp bolan özara ynanyşmak we konstruktiw ýagdaýda geçip, sebit howpsuzlygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça esasy wezipeleri çözmekde taraplaryň umumy garaýşyny görkezdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026
Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

Nýurnbergde oýlap tapyşlaryň 78-nji halkara iENA sergisi geçirilýär

16:00 Noýabr 02, 2026