Habarlar

Fransuz speleologlary Köýtendagyň karst döremeleriniň kartasyny düzmekligi meýilleşdirýärlerFransuz speleologlary Köýtendagyň karst döremeleriniň kartasyny düzmekligi meýilleşdirýärler

Fransuz speleologlary Köýtendagyň karst döremeleriniň kartasyny düzmekligi meýilleşdirýärler

Fransiýanyň speleologiýa federasiýasyndan spelebiologlaryň we karstologlaryň topary Köýtendagdaky «Gülşirin» gowagynyň wirtual 3D kartasyny düzmek üçin onuň meýdanynyň 70%-niň lazer barlagyny geçirdiler. Häzir alymlar Köýtendag goraghanasyndaky karst labirintlerindäki oňurgasyz haýwanlary öwrenmek bilen meşgullanýarlar – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti ýazýar.

Türkmenistan we Ermenistan seýsmiki töwekgelçilikleri bahalandyrmak babatynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylarTürkmenistan we Ermenistan seýsmiki töwekgelçilikleri bahalandyrmak babatynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan we Ermenistan seýsmiki töwekgelçilikleri bahalandyrmak babatynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň Ermenistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň A. Nazarow adyndaky Geofizika we inžener seýsmologiýasy institutynyň direktory Jon Karapetýan bilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasynyň Instagramdaky sahypasynda habar berilýär.