HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen talyby 54 ýurdy birleşdirýän «Goşgy marafonynyň» iň gowy okyjysy boldy

Iýun 14, 2023 | 14:55 |8508
Türkmenistanyň Ýaponiýada okaýan raýaty Suraý Seýidowa Russiýanyň Halklaryň dostlugy uniwersiteti tarapyndan guralan halkara «Goşgy marafonynyň» ýeňijisi boldy. Ol Russiýanyň nusgawy şahyrlarynyň eserlerini okaýan wagtyňda şekilli görnüşi düşürmekden ybaratdy – diýip, ýokary okuw mekdebiniň metbugat gullugy habar berýär.Türkmenistanyň Ýaponiýada okaýan raýaty Suraý Seýidowa Russiýanyň Halklaryň dostlugy uniwersiteti tarapyndan guralan halkara «Goşgy marafonynyň» ýeňijisi boldy. Ol Russiýanyň nusgawy şahyrlarynyň eserlerini okaýan wagtyňda şekilli görnüşi düşürmekden ybaratdy – diýip, ýokary okuw mekdebiniň metbugat gullugy habar berýär.
Çeşme: ru.rudn.ru

Türkmenistanyň Ýaponiýada okaýan raýaty Suraý Seýidowa Russiýanyň Halklaryň dostlugy uniwersiteti tarapyndan guralan halkara «Goşgy marafonynyň» ýeňijisi boldy. Ol Russiýanyň nusgawy şahyrlarynyň eserlerini okaýan wagtyňda şekilli görnüşi düşürmekden ybaratdy – diýip, ýokary okuw mekdebiniň metbugat gullugy habar berýär.

Iki hepde dowam eden marafonda jemi 1,5 müňden gowrak jogap alan we 50 müňden gowrak adam tarapyndan görlen dört ýüze golaý rolige baha berildi. Marafona 54 ýurduň ýaşaýjylary we Russiýanyň 31 şäheri goşuldylar.

Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdebiniň türkmenistanly talyby meşhur sowet we rus lirikleriniň biri — Bella Ahmadulinanyn goşgusyny okap «Uzakdan goşgy» ugry boýunça iň gowusy boldy. Onuň «Şol aýda» goşgusy biziň watandaşymyzyň çeperçilik deklamasiýasy sebäpli öz ugry boýunça iň ýatda galyjylaryň biri bolmaga mümkinçilik aldy.

Russiýanyň nusgawy şahyrlarynyň eserlerini okyjylaryň arasyndaky bäsleşikde 40 beýik şahyrlaryň, şol sanda Sergeý Ýeseniniň, Anna Ahmatowanyň, Aleksandr Puşkiniň, Robert Roždestwenskiýniň, Eduard Asadowyň we başga-da köp liriki şahyrlaryň eserleri okaldy.

Geçirilen marafonyň esasy maksady — şygryýetiň kömegi bilen dünýäniň ähli halklarynyň özara baglanyşyklydygyna akyl ýetirmekdir, bu bolsa bir-biregiň medeni koduna düşünmekde milletleriň arasyndaky baglaýjy düzüm bolmalydyr. Bu dürli yklymlardan bolan gatnaşyjylary bir bitewi joşgunly çykyşlarda birleşdirip bilen medeniýetiň hut şol pursatydyr.

«Goşgy marafonynyň» konsepsiýasy Slawýan ýazuwynyň gününe we Rus diliniň gününe baglaşdyrylyp geçirildi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026
Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

Guterreş raýatlaryň arasynda bolan ýitgilerden howsala düşdi we ABŞ bilen Eýrany derrew diplomatiýa dolanmaga çagyrdy

21:00 Sentýabr 03, 2026