Habarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary BMG-niň Terrorçylyga garşy göreş boýunça hepdeligine gatnaşarTürkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary BMG-niň Terrorçylyga garşy göreş boýunça hepdeligine gatnaşar

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary BMG-niň Terrorçylyga garşy göreş boýunça hepdeligine gatnaşar

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew indiki hepde, 19-20-nji iýunda geçiriljek Terrorçylyga garşy göreş boýunça ýokary derejeli hepdeligiň çärelerine gatnaşmak üçin BMG-nyň Nýu-Yorkdaky merkezi edaralaryna barar. Bu barada öz web sahypasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy habar berýär.

Aşgabatda Russiýanyň günine bagyşlanan baýramçylyk kabul edişlik: dabaraly çykyşlarda näme barada gürrüň edildiAşgabatda Russiýanyň günine bagyşlanan baýramçylyk kabul edişlik: dabaraly çykyşlarda näme barada gürrüň edildi

Aşgabatda Russiýanyň günine bagyşlanan baýramçylyk kabul edişlik: dabaraly çykyşlarda näme barada gürrüň edildi

«Doganlyk Türkmenistan, hemişe Russiýanyň hakyky we wepaly dosty bolup galýar. Ýurtlarymyzyň Prezidentleri Wladimir Wladimirowiç Putin bilen Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň arasyndaky ynamly we mähirli gatnaşyklar çuňňur strategiki hyzmatdaşlygyň rus-türkmen gatnaşyklary üçin berk binýat bolup hyzmat edýär», - diýip Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin Russiýa güni mynasybetli Aşgabatdaky baýramçylyk kabul edilşikde aýtdy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Latwiýanyň ulag edaralary hyzmatdaşlyk hakynda Beýanaty kabul etdilerMerkezi Aziýa ýurtlarynyň we Latwiýanyň ulag edaralary hyzmatdaşlyk hakynda Beýanaty kabul etdiler

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Latwiýanyň ulag edaralary hyzmatdaşlyk hakynda Beýanaty kabul etdiler

Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy we Latwiýa ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda bilelikdäki Beýanata gol çekdiler. Dabara, duşenbe güni Latwiýa bilen Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasyndaky ulag boýunça bäş egindeş başlyklarynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikler geçirip, hyzmatdaşlygyň meselelerini hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşyp, birnäçe ylalaşyklar gazananylandan soň, 12-nji iýunda Rigada geçirildi.