

Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Tokioda gepleşikleri geçirýär
22-23-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar.


22-23-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar.


Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işinde säwliklere ýol berilýändigi üçin Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň işine nägilelik bildirdi.


Şenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň Arkadag şäheriniň täze Athana toplumyna baryp gördi we täze "akylly" şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýerine ýetiriljek taslamalar bilen tanyşdy.


Ýaponiýa Aýa kosmos gämisini uçuran dünýäniň bäşinji ýurdy boldy. Ýaponiýanyň SLIM (Smart Lander for investigating Moon) moduly Aýyň üstüne gondy.


Türkmenistanyň ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow Kuala-Lumpur şäherinde Malaýziýanyň daşary syýasat edarasynyň Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça departamantiniň başlygy Şazelin Zaýnul bilen iki ýurduň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy.


Lýuksemburg döwletiniň beýik gersogy Anri we onuň aýaly Mariýa-Tereziýa Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi, ýurduň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky hemişelik wekili Sapar Pälwanow bilen duşuşdylar.


Şu ýyl Türkmenistanda 3-nji türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy geçiriler.


"Beýik Wolžsk ýoly" atly taslamanyň çäklerinde Hazar deňzi boýunça ilkinji ýolagçy gämili syýahaty guralar.


Türkmen Hökümetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow ÝHHG-niň Parlamentara Assambleýasynyň sebitleýin duşuşygyny Aşgabatda geçirmek baradaky teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi. Daşary işler ministri şu ýylyň maý aýynda dünýä giňişliginde bitaraplyk syýasatyny öňe sürmek maksady bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen forumy geçirmegi teklip etdi.


Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow ýylyň birinji ýarymynda türkmen paýtagtynda ÝHHG-niň sebitinde howpsuzlygy pugtalandyrmakda we ynamy berkitmekde bitarap ýurtlaryň orny barada halkara maslahatyny geçirmek boýunça teklibi bilen çykyş etdi.


Türkmenistanda aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärler üçin “Berkarar Watanymyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny pugtalandyrmakda ýokary hünär derejeli ylmy işgärleriň orny”, “Ýokary hünär derejeli ylmy işgärleri taýýarlamak-berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kepili” atly ylmy amala maslahatlary geçirmek meýilleşdirilýär.


Deňiz ulagy arkaly ýük daşamalary we port terminallaryny işletmek bilen meşgullanýan Maersk kompaniýasy (Daniýa) we Hapag-Lloyd ulag kompaniýasy (Germaniýa) bilelikdäki kärhanany dörederler.


Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky hemişelik wekili Saapr Pälwanow Ýewropanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde metbugat brifingini geçirer.


“SpaceX” amerikan kompaniýasy “Dragon” Arş gämisinde “Falcon 9” raketa göterijisini kömegi bilen Florida ştatyndan Halkara kosmos stansiýasyna syýahatlary gurap başlady.


Prezident Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni, Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi.