

Türkiýäniň Türkmenistandaky täze ilçisi ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşdy
Geçen 2023-nji ýylda türk kompaniýalary Türkmenistanda jemi bahasy 3,2 milliard dollar bolan 7 taslamany durmuşa geçirdiler.


Geçen 2023-nji ýylda türk kompaniýalary Türkmenistanda jemi bahasy 3,2 milliard dollar bolan 7 taslamany durmuşa geçirdiler.


Türkmenistanda ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň taryhy, matematika, iňlis we türkmen dilleri boýunça ders olimpiadalary geçiriler diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» döwlet elektron neşiri habar berýär.


Hususy pudagyň ýolbaşçylaryndan we Horasan-Rezawi welaýatynyň gubernatory Ýakub Ali Nazariniň ýolbaşçylygyndaky Eýranyň wekiliýeti Türkmenistanyň Mary welaýatyna baryp, onuň ykdysady potensialy we infrastrukturasy bilen tanyşdy.


Türkmenistanyň wekiliýeti geçirilýän Hazarüsti söwda ýoly boýunça bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Daşkent şäherinde geçirilýän çärä gatnaşýar.


24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi B. Rejepow Astana şäherindäki L.N. Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde (ÝMU) umumy sapak geçdi we Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabyny tanyşdyrdy.


Tokio şäherine iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň sanly ulgam işleri boýunça ministri Taro Kono bilen duşuşdy.


Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew we onuň bu ýurtdaky belarus kärdeşi Dmitriý Krutoý 24-nji ýanwarda Moskwada duşuşyk geçirdiler.


23-nji ýanwarda, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda nebithimiýa, ýeňil senagat önümleri we el halylary ýerlenildi.


Birleşen Milletler Guramasynyň meýletinçiler (UNV) Maksatnamasynyň wekilleri 23-nji ýanwarda resmi sapar bilen Aşgabat şäherine geldi. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky edarasy habar berdi.


Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Türkmen wekiliýetiniň Tokio amala aşyran saparynyň çäginde Ýaponiýanyň sanly ulgam işleri boýunça ministri Taro Kono bilen duşuşdy.


Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny has-da beýgeltmek we ony giňden wagyz etmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarydyr, hünärmenleriniň gatnaşmagynda, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.


Täzeliklere görä, Pekinde daşary ýurt kärhanasyny açmak üçin ýüz tutýan daşary ýurtlular "ýüz keşbi tanamak" funksiýasyny ulanyp, onlaýn hasaba alyş işini ýerine ýetirip bilerler.


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Toşiaki Endonyň ýolbaşçylygyndaky ýapon deputatlary bilen duşuşygy geçirildi.


Sişenbe güni, 23-nji ýanwarda Hytaýyň paýtagtyndaky türkmen Ilçihanasynda Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.


Şeýle-de, şu ýylyň birinji ýarymynda türkmen tarapynyň «JETRO» guramasy bilen bilelikde işewürlik forumyny geçirmek boýunça meýilleri beýan edildi.