

Bäherdeniň sement zawody önümiň çykarylyşyny ep-esli artdyrdy
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk ministrliginiň Bäherdendäki sement zawody şu ýylyň ilkinji 9 aýynda önümçiligini 83,3% ýokarlandyrdy – diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.


Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk ministrliginiň Bäherdendäki sement zawody şu ýylyň ilkinji 9 aýynda önümçiligini 83,3% ýokarlandyrdy – diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.


Türkmen bilermenleri "Sebitde özara baglanyşygy üpjün etmegiň möhüm ýagdaýy hökmünde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag-logistika infrastrukturasyny ösdürmegiň ýagdaýy we geljegi" atly onlaýn-maslahata gatnaşdylar.


Penşenbe güni, 20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $2,5 million bolan 3 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Buried Hill Energy – Angliýanyň London şäherinde ýerine ýetiriji edarasy we Kiprde ştab-kwartirasy ýerleşýän garaşsyz nebitgaz kompaniýasydyr. Türkmenistanda 2007-nji ýyldan bäri iş alyp barýar.


Daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulaglary Türkmenistana getirilende we onuň çäginden üstaşyr geçirilende, olaryň eýelerinden alynýan ýygymlar hem-de tölegler 2022-nji ýylyň 15-nji noýabryndan 2023-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli döwür üçin bellenildi.


«Türkmen-Uzagrotehmaş» bilelikdäki kärhanasy Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda ýük göterijilik kuwwaty 4 tonna bolan traktor tirkeglerini öndürip başlamaga taýýar we geljekde has çylşyrymly oba hojalyk tehnikalaryny ýygnamagy ýola goýmagy meýilleşdirýär.


Çarşenbe güni, 19-njy oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Owganystanyň wekili gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Sişenbe güni, 18-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $48,4 million bolan 11 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


IRNA agentliginiň habar bermegine görä, iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşmak üçin Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Muhammet Reza Huseýnnejadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geldi.


Duşenbe güni, 17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda nah ýüplükleri eksport etmek üçin geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkmenbaşynyň halkara deňiz menzili 2022-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan käbir hyzmatlary bermek boýunça talapnamalary kabul edip başlady. Bu barada [«Türkmendenizderýaýollary»] (https://www.tmrl.gov.tm/ru) agentligi habar berýär.


Aşgabat we Astana ýaşyl maýa bazary pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada ylalaşdylar. Bu mesele Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen hökümet wekiliýetiniň şenbe güni “Astana” Halkara maliýe merkezine (AHMM) saparynyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşyldy.


Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Astanada geçirilen sammitiniň barşynda GDA ýurtlarynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen günorta ugur boýunça öňe sürlen energetika, ulag we kommunikasiýa taslamalaryna birigip biljekdiklerini beýan etdi.


Ýekşenbe güni Türkmenistanyň hökümetiniň giňişleýin mejlisinde türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny – bilelikdäki söwda merkezini döretmek baradaky taslamany öňe ilerletmek wise-premýer Batyr Atdaýewiň hasabatynyň esasy meselesi boldy.


CNPC kompaniýasy 26-28-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek "Türkmenistanyň nebiti we gazy" halkara maslahatynyň esasy hyzmatdaşy hökmünde çykyş eder.