HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermegiň tertibi tassyklanyldy

Noýabr 12, 2022 | 20:49 |7007
Türkmenistanyň prezidenti karara gol çekdi, resminama laýyklykda döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga bermegiň Tertibi tassyklanyldy.Türkmenistanyň prezidenti karara gol çekdi, resminama laýyklykda döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga bermegiň Tertibi tassyklanyldy.
Çeşme:

Türkmenistanyň prezidenti karara gol çekdi, resminama laýyklykda döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga bermegiň Tertibi tassyklanyldy.

Resminama 2021-nji ýylyň noýabr aýynda kabul edilen “Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda” Kanuna esaslanandyr hem-de döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini we girdejililigini ýokarlandyrmaga, döwletiň ykdysadyýetine içerki we daşarky maýa goýumlary çekmäge, döwlet emläginiň maliýe ýagdaýyny sagdynlaşdyrmaga hem-de olaryň dolandyrylyşyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Agzalan kanunyň 4-nji maddasyna laýyklykda, onuň hereket ediş çygry hojalyk we paýdarlar jemgyýetleriniň paýlaryna hem-de paýnamalaryna, strategik maksaly emläklerden başga döwlet kärhanalaryna we olaryň emläklerine degişlidir.

Kanun nebit işleri hem-de hukuk düzgün-tertibini, döwletiň goranyş ukyplylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly işler babatda ulanylmaýar.

Mundan başga-da, kärhananyň tehnologik tapgyrly işini bozýan önümçilik we önümçilik däl bölümler hem-de düzümleýin birlikler görnüşindäki döwlet emlägi ynançly dolandyrmaga berilmeýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026
Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

Tramp Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda “energetika ýaraşygynyň” gazanylandygyny aýtdy

20:00 Oktýabr 12, 2026
Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

Er-Riýaddaky howa menziline edilen hüjümde bir adam heläk boldy, birnäçe adam ýaralandy

18:00 Oktýabr 12, 2026