Habarlar

“Türkmenaragatnaşyk” german kompaniýalaryny IT taslamalara gatnaşmaga çagyrdy“Türkmenaragatnaşyk” german kompaniýalaryny IT taslamalara gatnaşmaga çagyrdy

“Türkmenaragatnaşyk” german kompaniýalaryny IT taslamalara gatnaşmaga çagyrdy

Şolaryň hatarynda maglumat merkezini döretmek, optiki süýüm geçirijilerini we serwer enjamlaryny öndürýän bilelikdäki kärhanany gurmak, “akylly” şäherleri dolandyrmak we olaryň IT ulgamyny ösdürmek, “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň simsiz aragatnaşyk ulgamyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak, bu pudagyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we taýýarlamak ýaly taslamalar bar.

Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2023-nji ýylda 69% ýokarlandyTürkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2023-nji ýylda 69% ýokarlandy

Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2023-nji ýylda 69% ýokarlandy

Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýedi aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 69,4% ýokarlandy we 185,5 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Türkmenistanyň daşary söwdasynyň umumy göwrüminde Germaniýa 11-nji ýerde durýar. Şeýle görkezijiler 29-njy sentýabrda Berlinde geçirilen türkmen-german işewür forumynda yglan edildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklarda ileri tutulýan ykdysady ugurlary kesgitlediGurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklarda ileri tutulýan ykdysady ugurlary kesgitledi

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklarda ileri tutulýan ykdysady ugurlary kesgitledi

Türkmenistan nemes kompaniýalaryny ýokary hünärli, jogapkärçilikli we hyzmatdaşlygyň gymmatlyklaryna düşünmek bilen tapawutlanýan ygtybarly hyzmatdaşlar hökmünde görýär. Aşgabat bu çemeleşmäni goldaýar we nemes kärhanalarynyň türkmen bazaryndaky işini has hem höweslendirer diýip, anna güni Berlinde geçirilen türkmen-nemes işewürler forumynda türkmen halkynyň Milli Mideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

"Türkmenhimiýa" konserni nemes biznesine maýa goýum mümkinçiliklerini hödürledi"Türkmenhimiýa" konserni nemes biznesine maýa goýum mümkinçiliklerini hödürledi

"Türkmenhimiýa" konserni nemes biznesine maýa goýum mümkinçiliklerini hödürledi

"Türkmenhimiýa" döwlet konserni Germaniýa bilen himiki önümleri we çig mallary özara üpjün etmek pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge şeýle hem, hünärli işgärleri taýýarlamak, Türkmenistanda täze himiýa önümçilik desgalaryny gurmak üçin bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek meselesinde gyzyklanma bildirýär. Muny “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy Döwrangeldi Sapbaýew anna güni Berlinde geçirilen türkmen-nemes işewürlik forumynda eden çykyşynda aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow nemes kompaniýalaryny Arkadag şäherinde senagat toplumyny döretmäge gatnaşmak üçin çagyrdyGurbanguly Berdimuhamedow nemes kompaniýalaryny Arkadag şäherinde senagat toplumyny döretmäge gatnaşmak üçin çagyrdy

Gurbanguly Berdimuhamedow nemes kompaniýalaryny Arkadag şäherinde senagat toplumyny döretmäge gatnaşmak üçin çagyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow nemes kompaniýalaryny Arkadag şäherinde senagat toplumyny döretmeklige gatnaşmaga çagyrdy. Döwlet habarlar agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, işewürlik teklibi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň we Germaniýanyň Gündogar ykdysady komitetiniň ýolbaşçylarynyň ýygnagynda eden çykyşynda Berlinde Halk Maslahaty Başlygy tarapyndan aýdyldy.