Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Türkmenistanyň sebitlerinde okuwlary gurar
Oktýabr 02, 2023 | 12:01 |4635


Ýewropa Täzeleniş we ösüş banky Türkenistanyň sebitlerinde maliýe serişdelerini dolandyrmak boýunça okuw maslahatlaryny geçirer. Okuw maslahatlary Mary şäherinde 3-4-nji oktýabrda, Türkmenbaşy şäherinde 10-11-nji oktýabrda, Daşoguz şäherinde 17-18-nji oktýabrda we Türkmenabat şäherinde 24-25-nji oktýabrda geçirilýär.
Bu çäre maliýe serişdelerini dolandyrmak, seljermek hem-de meýilleşdirmek ulgamynda bilim derejesini kämilleşdirmäge mümkinçilik berer, we onuň netijesinde kompaniýanyň geljekki maýa goýumlar üçin özüne çekijiligi ýokarlanar hem-de maliýe taýdan durnukly bolar.
ORIENT news








